ADY ROWAÝATA ÖWRÜLEN TARYHY GRAND BAZAR - ÝATDAN ÇYKMAJAK TÄSIRLERI GALDYRÝAR
Bäş ýüz ýyldan gowrak taryhy bilen Stambulyñ iň ähmiýetli medeni mirasyna degişli bolup durýan «Grand Bazar» diýlip atlandyrylýan bu üsti ýapyk bazar, özüniñ myhmanhanalary, ululy-kiçili dükanlary bilen şähere gelýänleriň hökmany suratda baryp görýän ýerleriniň hatarynda durýar. Hepdäniñ alty güni söwda etmäge mümkinçilik berýän «Grand Bazar», senetçileriň ussahanalaryny görmek, şeyle hem dürli şaý-sepleri, syrçaly keramika önümleri, ýüpek matalary we halylar ýaly özboluşly we nepis önümleri satyn almak üçin gelýän müňlerçe myhmany kabul edýär.