ANTALÝA - LIKIÝA WE KARIÝA ÝODALARYNYŇ WE KERAMATLY PAWELIŇ ÝOLUNYŇ GIZLIN HAZYNALARY
Baý taryhy, ajaýyp tebigaty we sebitleri bilen şöhrat gazanan Türkiýe, özboluşly syýahatçylyk tejribesini hödürlemek bilen, her ýyl dünýä syýahatçylyk reýtinglerinde ynamly öňdebaryjy orunlary eýeleýär.
Ýakyn zamanlarda britan neşiri bolan «Time Out» tarapyndan Likiýa ýolunyň «Dünýäniň iň owadan pyýada ýoly» diýlip ykrar edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Fethiýe bilen Antalýany birleşdirýän bu rowaýata öwrülen ýol syýahatçylar üçin tebigaty, taryhy we gyzykly başdan geçirmeleri bir ýerde jemleýär.
Şeýle-de bolsa, Türkiýäniň tebigy täsinlikleri diňe Likiýa ýoly bilen çäklenmeýär. Ortaýer we Egeý deňizleriniň kenarlarynda onlarça taryhy ýollar ýerleşip, jahankeşdelere dürli landşaftlary, şeýle hem owadan obalary synlamaga we gizlin hazynalary öwrenmäge mümkinçilik berýär. Güýz paslynyň salkyn günleri bu ýerleri ýakyndan tanamak üçin iň amatly wagtdyr.
Ortaýer deňziniň kenaryndaky owadan ýollar
Türkiýäniň Ortaýer deňziniň kenary – bir tarapynda mawy deňiziň, beýleki tarapynda bolsa beýik Tawr daglarynyň uzalyp gidýän özboluşly sebitdir. Bu ýerdäki iň meşhur ýol – ýurduň ilkinji uzak aralykly pyýada ýoly bolan 500 km-den gowrak uzynlykdaky Likiýa ýoludyr.
Ýol ÝUNESKO-nyň desgalary bolan Ksantos-Letoon, Olimpos, Patara we Mira ýaly gadymy Likiýa şäherlerinden geçýär. Pyýada ýolagçylar Üzümli we Bezirgan ýaly milli däp-dessurlaryny mynasyp dowam etdirýän obalarda düşläp, syýahatyny Geýikbaýyryndaky daga dyrmyşmak nokadynda tamamlap bilerler.
Taryha we ruhanylyga ýakyn syýahat gözleýänler üçin Antalýadaky Keramatly Paweliň ýoly örän ýerlikli saýlawdyr. Bu ýol Türkiýedäki uzynlygy boýunça ikinji ýol bolup, ol Apostol Paweliň syýahatynyň yzlaryny gaýtalaýar. Onuň Pergede we Köprülü kanýonynda başlanýan iki şahasy Adada şäherinde birleşip, «Cittaslow», ýagny ümsüm derejesine eýe bolan Ýalwaç şäherinde tamamlanýar. Bu tebigy gözelligi we ruhy mirasy duýmaga mümkinçilik berýän özboluşly ýoldyr.
Egeý Sebiti: Taryha siñen ýollar
Egeý sebiti hem ýylyň salkyn möwsüminde pyýada gezelenç etmek üçin iñ oňyn ýerleriñ biridir. Bu ýerdäki iň uly ýol – Türkiýäniň iň uzyn pyýada ýoly (850 km) bolan Kariýa ýoludyr.
Gadymy kariýalylaryň yzlaryndan geçýän bu ýol dört bölege bölünýär: Bozburun ýarymadasy, meşhur badamlary we Knidos şäheri bilen Datça, Gökowa aýlagyndaky Akýaka şäheri we Içki Kariýa sebiti (Mylas we Alinda ýaly gadymy şäherler).
Izmir sebitindäki Efeler ýoly – «Green Destinations» guramasynyň «Top 100 Stories» sanawyna girizilen durnukly ýoldur.
28 tapgyrdan ybarat bolan bu ýol Birgi we Şirinje taryhy obalaryndan geçýär. Syýahatçylar ýolda her obanyň medeni aýratynlyklary bilen tanşyp, ýörite «Efeler Way Passport» möhürlerini ýygnap bilerler.
Egeý sebitiniň içki böleginde ýerleşýän Frigiýa ýoly hem aýratyn taryhy ýoldur. Afýonkarahisar, Kütahýa, Eskişehir we Ankara çäklerini öz içine alýan bu ýol Frigiýa siwilizasiýasynyň yzlaryndan geçýär.
Bu ýerde gadymy gaýa ybadathanalaryny, Kibele Ene Hudaýyna bagyşlanan açyk asman astyndaky mukaddes ýerleri, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Gordion şäherini, şeýle hem Aýazini obasyndaky gadymy mazarlary görmek bolýar. Takmynan 500 km uzynlykdaky bu ýol, ahyrsoňy Eskişehirdäki meşhur Ýazylykaýa toplumyna (Midas ýadygärligi) alyp barýar.


