«ANTALÝADAKY HILELIK»: TÜRK RIWÝERASYNDAKY GYZYKLY HEKAÝA

Türkiýe Respublikasy «Antalýadaky hilelik» atly adaty bolmadyk kiçi göwrümli serialy hödürleýär. Bu täze we özboluşly kinotaslama halkara jemgyýetçiligiň ünsüni Türkiýäniň durmuş joşup duran ýerleriniň birine – onuň günorta kenarýakasyna, çekmäge gönükdirilendir. Çeper we durky esasy taýdan gyzykly serial tolgundyrýar, şol bir bada-da özüne çekýär. Ajaýyp Ortaýer deňziniň kenarynda düşürilen serial daşary ýurtlylary, hususan-da tomaşaçylary, Türk Riwýerasynyň merkezine – Antalýa, çekmäge niýetlenendir.

Wakalar Antalýanyň kenarýakasynda bolup geçýär: bu ýerde uzak ýyl diýen ýaly güneşli howa. Serialda dildüwüşlik we söýgi Ortaýer deňziniň ruhy bilen utgaşýarlar. Gitdigiçe wakalar dartgynlaşýar, nämäniň hakykatdygyny ýa hyýalydygyny saýgarmak kynlaşýar. Her sahnada, her wakada dartgynlyk, synag we aldaw ýaly alamatlar düýbünden başgaça açylyp görkezilýär. Hekaýa hersi iki minutlyk on sany seriýada gürrüň berilýär. Ol dolulygyna YouTube web-serwisine şu ýylyň 7 iýunynda ýüklenildi. Kynçylykdan, syrdan we garaşylmadyk öwrülişikden doly häzirki zaman Ortaýer deňiz nuary (Golliwutda XX asyryň 40-50-nji ýyllarynda düşürilen jenaýat dramalary) dünýäniň iň bir owadan kenarýaka şäherleriniň birinde – Antalýada – düşürilen.

«Antalýadaky hilelik» serialy tomaşaçylary üýtgeşik, adata meňzemeýän dünýä çagyrýar. Serialyň baş gahrymanlary – tanymal türk aktýorlary, Merýem Üzerli we Kaan Urganjyogly. Wakalar owadan dynç alyş zolagynyň kenarynda başlaýar: meşhur sergi hünärmeni Lara (Üzerli) syrly arhitektory, Deňiz (Urganjiogly), halas edýär. Ilki bada göräýmäge tötanleýin duşuşyk sungat eserleriniň bäsleşikli söwdasynda dörän oýlanşykly gapma-garşylyga geçip gidýär. Baş gahrymanlar gadymy şäherlere, gizlin aýlaglara we gijeki dynç alyş ýerlere aýlanýarlar.

Antalýa – serialyň gürrüňsiz parlak ýyldyzy

«Antalýadaky hilelik» diňe bir dartgynly çeper esasly serial bolman, eýsem ol Antaliýanyň gözel ýerlerine gaýybana syýahat etmäge mümkinçilik berýär, bu bolsa tomaşaçylaryň Türk Riwýerasyna baryp we aýlanyp görmek höwesini artdyrýar. Serialdaky wakalar Ortaýer deňziniň kenaryndaky ýaşaýyş adat täzeçe görkezilen owadan dynç alyş zolagynda başlaýar we soňra şäheriň köne köçelerinde hem-de gämileriň durýan ýerinde – Kaleiçide, dowam edýär. Şeýlelik-de şäherde köne dünýäniň özüne çekijiligi we häzirki zamanyň ruhy nädip birleşýändigi görkezilýär. Tomaşaçylar serialyň baş gahrymanlary bilen Antalýanyň owadan ýerlerine aýlanyp görerler we täsin duýgulary başdan geçirerler. Mysal üçin, mawy deňziň golaýynda ýerleşýän Pergeniň we Faselisanyň harabalyklaryna, arassa suwly Porto Jenewiz aýlagyna, golf meýdançaly Belegiň göge bürenen, adam eli degmedik ajaýyp kenarýakasyna.

Antalýa – Türkiýäniň iň meşhur dynç alyş ýerleriniň biridir. Ýakymly deňiz howasy, Ortaýer deňiz sebitine mahsus bolan türk tagamlar, köpasyrlyk medeni miras we beýleki täsinlikler dünýäniň çar künjeginden jahankeşdeleri bu ýere maýyl edýär. Mundan başga-da aýawly saklanan gadymy şäherjiklere syýahat etseň bolýar. Tomus paslynda olaryň käbirine “Gijeki muzeý” taslamasynyň çäginde aýlanyp görmek mümkindir. Tebigy gözellikler, medeni mirasyň baýlyklary we ýerli ilatyň myhmansöýerligi şäherde syýatçylygyň ösmeginiň esasy sebäpleridir: geçen ýylyň jemleri boýunça Antalýa dynç alyşa gelen syýahatçylaryň sany 17 milliona deň boldy. Bu örän ýokary görkezijidir. Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň maglumatlaryna görä, 2024-nji ýylda Türkiýe syýahatçylyk üçin iň meşhur dört sany şäherleriň hataryna goşuldy (şol ýyl Türkiýä 62 milliondan gowrak jahankeşde geldi).