KAPPADOKIÝA 2026-NJY ÝYLYŇ «MICHELIN» GOLLANMASYNA GIRIZILDI

Türkiýäniň aşhana kartasy 2022-nji ýylda halkara derejesine çykyp, öz taryhynda täze sahypany açdy.

Stambul, Izmir we Mugla şäherlerinden soňra, 2025-nji ýylda «MICHELIN Guide» sanawyna ajaýyp Kappadokiýa hem goşuldy.

Millionlarça ýyl mundan ozal wulkanlarynyň atylmagy netijesinde emele gelen ýumşak wulkan gatlaklary wagtyň geçmegi bilen ýel we ýagyn zerarly ýonulyp, haýran galdyryjy «peri bacaları» ýagny perileriň ojagyna (gaýa konuslaryna) öwrüldi. Özüniň «peri bacaları» we howa şarlaryndaky uçuşlary bilen meşhur bolan bu özboluşly sebit, indi Anadolynyň gadymy taryhy bilen häzirki zaman aşpezlyk sungatynyň utgaşýan 18 sany saýlanan restorany bilen hem dünýäni haýran galdyrýar.

Ýerli aşhananyň esasy aýratynlygy bereketli wulkan topragynda we asyrlar boýy aýawly saklanan däp-dessurlarynda jemlenendir. Bu ýerdäki aşpezlik syýahaty Mişlen ýyldyzly kaşaň restoranlardan başlap, kiçijik maşgala kärhanalaryna şeýle hem zenan kärhanalaryna çenli dürli görnüşleri öz içine alýar. Ýerli önümlere we organiki ekerançylyga üns berilmegi sebite ekologiýa taýdan arassalygy we durnukly ösüşi ykrar edýän «Ýaşyl ýyldyz» (Sustainability/ Durnuklylyk) adyny getirdi.

Bu mukaddes topraga gadam basanyňyzda, naharlary taýýarlamagyň üýtgeşik usullaryna şaýat bolarsyňyz. Awanos şäherindäki senetçiler tarapyndan ýasalan toýun küýzelerde bişirilýän meşhur «testi kebabyny» (testi kebabı) agzap geçmek örän ýerlikli bolar. Bu naharyň tamdyrda taýýarlanyp hödürlenişi hakyky dabara pursadyna öwrülýär: küýze gaby myhmanlaryň gözüniň öňünde döwülýär, bu bolsa tagamda ýatdan çykmajak täsiri döredýär.

Kappadokiýanyň tagamlar dünýäsi diýseň baýdyr. «Kaýysy ýahnisi» (kayısı yahnisi) naharyndaky et bilen kişdäniñ sazlaşygy, kädi çigidi goşulan öý usulynda taýýarlanan— «erişte» aşy we goýy «agpakla» (ağpakla) hiç bir aşhana syýahatçysyny biperwaý goýmaz. Süýji tagam söýüjiler üçin bolsa sary ýagda bişirilen injir, Ürgüp usulyndaky «Damat» pahlawasy we näzik «dolaz» halwasyny ıýip görmegi maslahat berýäris.

Kappadokiýa menýusynyñ üstüni dolýan lezzetleriñ hataryna sebitiň üzümçiliklerinden taýyarlanýan meşhur ýerli şeraplary we gowaklarda saklanyp ýeştişdirilýän «Diwle Obruk» peyniri girýär. «Bogazkere» we «Narinje» üzüm görnüşleriniň taryhy bilen ýakyndan tanyşmak isleýänler üçin ýörite dadyp görmek mümkinçilikleri göz öňünde tutulan.

Kapadokiýa - diňe gözelligi bilen däl, eýsem, baý taryhy aşhanasy bilen hem haýran galdyryjy ýerdir.