TARYHY ÖZGERDEN TAPYNDYLARYŇ ÝYLY: TÜRKIÝÄNIŇ 2025-NJI ÝYLDA IŇ MÖHÜM ARHEOLOGIKI ÜSTÜNLIKLERI
Müňýyllyklaryň dowamynda siwilizasiýalaryň dörän ýeri – Anatoliýa, ýeriň astynda gizlenen umumyadamzat mirasyny dünýä açyp görkezmegini dowam edýär. Gündogardan günbatara, demirgazykdan günorta çenli adamzat taryhyna uly täsir eden medeniýetleriň nusgalaryny özünde jemleýän Türkiýe açyk asman astyndaky äpet bir muzeýi ýatladýar. Bu ajaýyp hazynalary dünýä tanatmagy, ýurt derejesinde arheologiki barlaglaryň gerimini giňeltmegi we Türkiýäniň arheologiýa ylmynda täze bir sahypany açmagy maksat edinen «Geljek üçin miras» (The Legacy to the Future) taslamasynyň çäklerinde geçen ýyl dürli döwürlere we siwilizasiýalara degişli köp sanly tapyndylar ýüze çykaryldy. Bu açyşlar adamzat jemgyýetiniň ösüşine täzeçe garamaga mümkinçilik berýär – netijede, 2025-nji ýyl arheologik ýadygärlikleriň syýahatçylar üçin has elýeterli we özüne çekiji bolan, şeýle hem ýurduň medeni mirasynyň bütin dünýädäki abraýynyň ep-esli artan döwri boldy. Geliň, Türkiýäniň geçen ýyldaky iň ähmiýetli arheologiki tapyndylaryna nazar salalyň.
Neolit döwrüniň tapyndylary
Şanlyurfa welaýatynyň çägindäki neolit döwrüne degişli gazuw-agtaryş meýdançalaryny öz içine alýan we 2025-nji ýylda özüniň 5 ýyllygyny bellän «Daş depeler» (Taş Tepeler) taslamasynyň çäklerinde geçen ýyl örän ähmiýetli tapyndylar ýüze çykaryldy.
- Karahan depe: bu ýerde haýwanlaryň üç sany şekili bilen bezelen kiçijik gap tapyldy. Bu tapyndy taryhda belli bolan iň gadymy üç ölçegli mifologik şekillendirme hasaplanýar. Şeýle hem, bu ýerden adamyň ýüzi şekillendirilen T-görnüşli sütün tapyldy.
- Göbekli depe: ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girýän bu ýadygärlikde diwaryň içine ýerleşdirilen adam heýkeli tapyldy. Arheologlaryň pikiriçe, bu şekil taňrylara gurbanlyk bermek ýa-da sadaka (wotiw) hökmünde goýlan bolup biler.
- Saýburç: bu ýerde agzy tikilen merhumy şekillendirýän heýkel tapyldy.
- Sefer depe: bu meýdançadan iki sany adamyň ýüzüniň güberçek şekili we iki ýüzli monjuk tapyldy.
Gadymy Troýada kaşaňlygyň we häkimiýetiň nyşanlary
Çanakkale welaýatyndaky Troýa şäherinde dowam edýän gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde, irki bürünç döwrüne (takmynan b.e. öň 2500-nji ýyllar) degişli bolan altyn broş (temençeli bezeg şaýy) we örän seýrek duş gelýän nefrit daşy tapyldy. Bu gymmatbahaly daşyň gadymy döwürlerde haýsydyr bir kaşaň esbabyň bölegi bolan bolmagy ähtimaldyr. Jemgyýetçilik derejesiniň we güýç-kuwwatyň nyşany hökmünde ulanylan bu altyn broş, dünýäde belli bolan bary-ýogy üç nusganyň arasynda iň gowy saklanyp galanydyr. Bu tapyndy soňky 100 ýylyň dowamynda arheologiýa ylmynda görnüşi (tipologiýasy) we taryhy ähmiýeti taýdan iň wajyp açyşlaryň biri hasaplanýar.
Deňizçilik: Osman şadöwletiniň taryhynyň suwasty syrlary
Mugla welaýatynyň Datça etrabynyň golaýynda ýerleşýän Gyzlan (Kızlan) atly osmanly gämisiniň galyndylarynda geçirilen suwasty gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda imperiýanyň deňizçilik taryhyny aýan edýän möhüm tapyndylar ýüze çykaryldy. Türkiýede XVII asyra degişli diýlip hasaplanýan ýeke-täk osmanly gämisinde 30-dan gowrak tüpeň, 50-den gowrak granat (el naraty), müňlerçe ok, Hytaýyň farfor önümleri we Osmanly döwrüne degişli çilim çekilýän şybyklaryň iň uly toplumy tapyldy.
4 500 ýyllyk butlar
Arheologlar Günbatar Anatoliýanyň iň uly bürünç döwrine degişli şäherçeleriň birinde – Kütahýadaky Towşanly Göýük (Tavşanlı Höyük) ýadygärliginde 4 500 ýyllyk butlary ýüze çykardylar. Mermerden, süňkden we terrakotadan (bişirilen toýundan) ýasalan bu butlar bir ojagyň daşynda belli bir tertipde goýlan ýagdaýynda tapyldy. Bu tapyndy şol döwrüň dini ynançlary we däp-dessurlary barada gymmatly maglumatlary berýär.
Gara deňiz kenarýakasynda ýüze çykarylan ýylan saçly Meduza
Bartyn welaýatynyň Amasra etrabynda ýerleşýän gadymy Amastrida şäherindäki takmynan 2 000 ýyllyk stoa (sütünli galereýa), «Geljek üçin miras» taslamasynyň çäginde dikeldilýär. Bu ýerdäki dikeldiş işleriniň dowamynda Meduzanyň seýrek duş gelýän, ýylgyryp duran şekili tapyldy. Mifologiýada Meduza ýylan saçly, ýiti dişli zenan sypatyndaky mahluk hökmünde tanalýar we onuň gözlerine sereden islendik janly-jandaryň daşa öwrülýändigine ynanylypdyr.
Efesde Serapise bagyşlanan ýene bir açyş
Izmir welaýatynda ýerleşýän we ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girýän Efes şäherinde Müsür hudaýy Serapisiň güberçekli şekili bolan ýakymly ysly zatlary ýakmak üçin niýetlenen gap tapyldy. Bu terrakotadan ýasalan gabyň arkasyndaky ýazgy, onuň ozal «Terassalardaky öýlerde» tapylan meňzeş bir eksponat bilen baglanyşyklydygyny anyklamaga mümkinçilik berdi. Bu täze maglumat şol döwürde Efesde şeýle görnüşli önümleri öndürýän ýörite ussahananyň bolandygyny ýa-da şol önümleriň yzygiderli söwdasynyň edilendigini subut edýär.
Karamanda tapylan nanlar
Karaman welaýatyndaky gadymy Toprak depe (Eýrenopolis) şäherinde geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda b.e. VII–VIII asyrlaryna degişli bolan bäş sany kömürleşen nan tapyldy. Hünärmenleriň çaklamasyna görä, Maltanyň atanagyna çalymdaş nyşanlary we Isanyň keşbi bilen bezelen bu nanlar irki hristian däp-dessurlarynda (ýewharistiýada) ulanylan bolmagy mümkin.
Pifoslar: Wan welaýatyndaky iň uly ammar toplumy
Wan welaýatynyň Ipekýolu etrabynda, Erek dagynyň eteginde ýerleşýän Kewenli galasynyň harabalarynda geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda, şinehat bilen bezelen 76 sany pifos (urartlaryň ýag, galla we dürli içgileri saklamak üçin ulanan äpet küýzeleri) ýüze çykaryldy. Tapylan bu pifoslar häzirki wagta çenli Wan sebitinde anyklanan iň uly ammar toplumy hasaplanýar.



