TÜRKIÝÄNIŇ SYÝAHATÇYLYK PUDAGY 2025-NJI ÝYLYŇ ÜÇÜNJI ÇÄRÝEGINI IŇ ÝOKARY GIRDEJI BILEN JEMLEÝÄR
BMG-niň Bütindünýä Syýahatçylyk guramasynyň 2024-nji ýyl boýunça maglumatlaryna laýyklykda, dünýäde syýahatçylyk üçin dördünji uly bazar bolan Türkiýe Respublikasy syýahatçylyk pudagyndaky dokuz aýyň netijelerini yglan etdi. Stambul şäherinde geçirilen metbugat maslahatynda ýurduñ medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý 2025-nji ýylyň üç çärýeginiň dowamynda Türkiýe Respublikasynyň 50 million halkara syýahatçyny kabul edendigini yglan etdi. Şol döwürde Türkiýäniň syýahatçylyk pudagynyň ösüşi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 1,6% göterim ýokarlandy. Mundan başga-da, ilkinji 9 aýda syýahatçylykdan alnan girdejiniň 50 milliard ABŞ dollaryna ýetendigi, ýagny geçen ýylyň görkezijisinden 5,7% göterim ýokarydygy habar berildi.
Beýan edilen maglumatlara görä, 50 million jahankeşde ýurtda ortaça 10,3 gije galyp, bir günüň dowamynda adam başyna ortaça 103 ABŞ dollaryny harçladylar, bu bolsa öňki ýyl bilen deňeşdirilende 7% göterim ösüşi görkezýär.
Agzalan metbugat maslahatynda ministr Ersoý şeýle diýdi: «2025-nji ýylyň ilkinji dokuz aýynda biziň sebitimiz uly kynçylyklara duçar boldy. Biz sebitdäki gapma-garşylyklaryň netijelerini we ählumumy maýylganlyk sebäpli möwsümleýin üýtgeşmeleri synladyk. Muňa garamazdan, uzakmöhletleýin hereketler meýilnamamyz bilen biz geçen ýylky girdejiden 5,7% göterim ösüş gazanyp, 50 milliard ABŞ dollary möçberinde örän gowy netije hasaba aldyk. Şeýlelikde, üçünji çärýekde bize 50 milliarda deň bolan çägi ilkinji gezek geçmek başartdy. Çen bilen, ýylyň ahyryna çenli biz 64 milliard ABŞ dollara barabar bolan girdejini almakçy, we bu maksadymyza ýeteris».
Şeýlelik bilen, ýylyň başyndan bäri Ortaýer deňzi sebitiniň syýahatçylyk merkezinde jahankeşdeleriň sanynyň hem, syýahatçylykdan alynan girdejileriň hem ep-esli artandygy habar berildi.
Ýylyň başyndan bäri Türkiýä girdeji getiren syýahatçylar esasan üç ýurtdan, ýagny Russiýa Federasiýasyndan (5,53 million), Germaniýadan (5,22 million) we Beýik Britaniýadan (3,54 million) geldiler.


