GOTÜRKIYE-DEN «HIDDEN LOVER» ATLY TÄZE KIÇI GÖWRÜMLI SERIAL
Türkiýäniň resmi syýahatçylyk platformasy bolan – GoTürkiye «Hidden Lover» (Gizlin aşyk) atly üçünji kiçi göwrümli serialyny YouTube-kanalynda görkezip başlady. Antalýanyň ajaýyp künjeklerinde surata düşürilen şadyýan söýgi hekaýaty Türkiýäniň Ortaýer deňziniň kenarynda ýerleşýän bu dynç alyş şäheri bilen bütin dünýäni tanyşdyrýar.
Režissýor Murat Öztürkiň ýolbaşçylygynda we baş keşpleri ýerine ýetiren Eda Eje we Janer Jindoruk ýaly meşhur türk artistleriň gatnaşmagynda surata düşürilen, 10 bölümden ybarat bu serial Antalýanyň köpçülige gaty mälim bolmadyk tebigy, taryhy we medeni gözelliklerini täzeçe garaýyş bilen açyp görkezýär. Möhüm taslamasyny hödürlemek üçin telekeçi Ömer bilen duşuşmaga synanyşýan arhitektor Güneş (Eda Eje) wakalaryñ özenini düzýär. Emma Güneş garaşylmadyk ýagdaýda Ömer begiň sürüjisidir öýdüp, Deňiz (Janer Jindoruk) bilen tanyşýar.
Telekeçi bilen duşuşygy gurnamaga Deňizi yrmak üçin, Güneş ony Antalýanyň gizlin kiçeňräk aýlaglary, gadymy şäherleri, kanýonlary, kenarýakalary we Ortaýer deňiz aşhanasynyň iň naýbaşy tagamlary bilen tanyşdyrýar. Şeýlelikde, ol şäheriň bar bolan ähli gözelliklerini bir unudylmaz günüň dowamynda görkezýär. Iki gahryman Antalýany bilelikde öwrenýän wagty, olaryň arasynda dörän garaşylmadyk ýakynlyk yşga we şadyýan başdan geçirmelere gapy açýar.
«Hidden Lover» tomaşaçylara Antalýanyň hödürleýän ähli gözelliklerini – mawy kenarýakalardan we gadymy şäherlerden başlap, täsin tebigata hem-de Ortaýer deňziniň gyzgalañly gijeki durmuşyna çenli – aýlanyp görmäge mümkinçilik berýär. Antalýanyň tebigy mirasyny, medeni köpdürlüligini we ýylyň islendik paslynda ýaşamak üçin amatlydygyny äşgär etmek bilen, bu serial Ortaýer deňziniň jana ýakymyny we nuruny tutuş dünýäniň tomaşaçylaryna ýetirmegi maksat edinýär.
«Hidden Lover» – GoTürkiye tarapyndan döredilen üçünji kiçi göwrümli serialdyr. Mundan ozal mawy ekrana çykan «Antalya Gambit» (baş keşplerini Merýem Uzerli bilen Kaan Urganjioglunyň janlandyran «Antalýadaky hilelik») hem-de «İstanbul My Love» (baş keşplerini Afra Saraçogly bilen Engin Akýüregiň ýerine ýetiren «Söýgim meniň, Stambul») atly seriallary uly meşhurlyk gazanypdy. Bu taslamalaryň ikisi hem internet äleminde ägirt uly üstünliklere eýe boldy: olaryň her bir bölümi dünýäniň 76 ýurdundan millionlarça tomaşaçy tarapyndan görüldi.
«Hidden Lover» serialynyň düşürilmegi GoTürkiye platformasynyň sanly kontent strategiýasynyň gazanan ägirt uly üstünliklerine esaslanýar. Häzirki wagtda GoTürkiye-niň YouTube-kanalynyň 5,3 milliondan gowrak abunaçysy bolup, ol dünýädäki syýahatçylyk edaralarynyň arasynda öňdebaryjy orny eýeleýär. Diňe 2025-nji ýylyň birinji ýarymynda kanalyň wideolary 763 million gezekden gowrak görüldi. Bu görkezijiler geçen döwür bilen deňeşdirilende, abunaçylaryň sanynyň 146 göterim, umumy görüşleriň sanynyň bolsa 55 göterim artandygyny görkezýär.


