EGEÝ KENARYNYŇ «ALTYN ÝAGY» NÄHİLİ ÖNDÜRİLÝÄR?

Soňky ýyllarda syýahatçylaryň garaýyşlarynyñ üýtgemegi zerarly dünýä syýahatçylyk tendensiýalary özgerdi. Häzirki wagtda syýahat — diňe deňiz kenarynda dynç almak bilen çäklenmän, eýsem ýerli ilatyñ medeniýetine we ýaşaýyş durmuşyna aralaşmak arkaly aýratyn many-mazmuna eýe bolýar. Ýewropa Syýahatçylyk Komissiýasynyň (ETC) hasabatyna görä, ýewropaly syýahatçylaryň 60 göterimi geljekki aýlarda birnäçe sebitlere aýlanmagyň ýerine belli bir sebitde dynç alyp, şol ýeriň durmuş ýörelgeleri bilen ýakyndan tanyşmagy makul hasaplaýar. Bu bolsa ýerli ilatyñ durmuşyna has çuňňur aralaşmak isleginiň artýandygyny görkezýär.

Eger, şeýle medeni syýahaty gözleýän bolsaňyz, Türkiýe size gapylaryny giňden açýar! Ýerli ilatyñ gündelik durmuşy bilen has ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berýän Egeý sebitinde her ýylyñ oktýabr aýyndan başlap ýanwar aýyna çenli gyzgalañly dowam edýän zeýtun hasyly möwsümini duşuñyzdan geçirmäň.

Türkiýe - Ortaýer deňziniň howasy we gadymdan gelýän zeýtun ösdürip ýetişdirmek däbi netijesinde dünýäde öňdebaryjy zeýtun öndürijileriñ biri hasaplanýar. Howanyň sowamagy bilen zeýtun ýygymyna girişilýär. Agaçlardan ýygnalan hasyl sebitdäki meşhur zeýtun ýagynyň öndürilýän fabriklerine äkidilýär.

Syýahatçylar üçin bu möwsüm ýüzlerçe ýyl bäri bu sebitde dowam edýän taryhy prosesi synlamak ýa-da olara gatnaşmak üçin gaýtalanmajak mümkinçilikdir.

Egeý Kenary – Türkiýäniň «Zeýtun kalby»

Zeýtun agajy Anadoly medeniýetinde esasy orny eýeleýär. Hatda onuň şu sebitden gelip çykandygy barada pikir öňe sürülýär. Egeýden Marmara, Ortaýer deňzinden Günorta-Gündogar sebitlerine çenli - häzirki wagtda ýurduñ ähli künjeginde zeýtunyñ 50-den 80-e çenli dürli görnüşleri ösdürilip ýetişdirilýär. Bu bolsa ony dünýäniň iň iri bäş sany zeýtun öndürijisiniň hataryna goşýar. Türkiýe şeýle hem Ýewropa Geňeşiniň zeýtun ýollary sanawynda mynasyp orun alýar.

Zeýtunyň esasy ösdürilip ýetişdirilýän sebiti, gürrüňsiz ýurduň zeýtun agaçlarynyň 75 göterimini düzýän Egeý sebitidir. Bu ýerde zeýtun — diňe bir azyk önümi däl, eýsem ol ýaşaýş çeşmeleriň biri hasaplanylýar.

Çanakkale, Balykesir, Manisa, Izmir, Aýdyn we Mugla sebitlerindäki gadymy agaçlar asyrlaryň taryhyny özünde saklaýar. Hasyl möwsümi başlananda oba-şäherler hakyky şowhuna öwrülýär — tutuş maşgala, goňşy-golam bilelikde zähmet çekýär! Syýahatçylar baglaryň içi bilen ädimläp, zeýtun oragyna girişip sebitdäki baýramçylyk ruhuny duýup bilerler.

Türk Dessury: Şahadan Desterhana Gelişiniñ Syry

Egeý aşhanasy zeýtun we onuñ ýagyndan taýyarlanýan tagamlara esaslanýar. Miwe ýetişen mahaly, ýerli ilat ony el bilen ýygmagy makul bilýär - sebäbi diňe şu usul iň ýokary hilli, arassa zeýtun ýagyny almaga mümkinçilik berýär. Siz bu ýerde ýygnalan zeýtunlaryň ýerli zawodlara nädip getirilýändigini we şol ýerlerde altynsow reňkli, hoşboý ysly ýagyñ öndürülişini görüp bilersiňiz.

Zeýtunyň yzlary bilen: «Route of the Olive Tree» ugry

Hasyl ýygnamak däbini doly duýmak üçin iň gowy ýol — «Zeýtun agajynyň ýoluna» (Route of the Olive Tree) düşmekdir.

Syýahatyňyzy zeýtun ösdürip ýetişdirmek boýunça ähmiýetli ýerleriñ biri bolan Ida daglaryndan başlap, zeýtun önümçiliginiň taryhy bilen tanyşmaga mümkinçilik berýän Türkiýäniň ilkinji zeýtun ýagy muzeýi bolan Çanakkale etrabynda ýerleşýän Adatepe Zeýtun ýagy muzeýine aýlanmak arkaly dowam edip bilersiñiz.

Indiki duralga — Balykesir welaýatyndaky Aýwalyk etrabydyr. Bu sebitde öndürilýän zeýtun ýagy geografik görkeziji hukugyna eýe bolup, bu ýagdan taýýarlanýan Egeý tagamlary örän meşhurdyr.

Manisada bolsa size henize çenli hasyl berýän dünýäniň iň goja agaçlarynyň biri — 1650 ýyllyk Kyrkagaç zeýtun agajy garaşýar.

Yzysüre Izmir we Urla welaýatlaryna tarap ugur alyp bilersiñiz. Çeşme, Seferihisar, şeýle hem Selçuk ýaly owadan şäherçeleriň arasynda ýerleşýän Urla, zeýtun taryhynyň «altyn derwezesi» hasaplanýar. Bu ýerde gadymy Klazomenaý şäherinden başlap, zeýtun ösdürip ýetişdirmegiň 4000 ýyllyk taryhyny görkezýän Köstem zeýtun ýagy muzeýine baryp bilersiñiz.

Syýahatyň ahyrynda bolsa, Urla şäheriniň MICHELIN baýragyna mynasyp restoranlarynda ýerli zeýtun ýagy bilen taýýarlanan tagamlardan lezzet almagy ýatdan çykarmaň!