NATIONAL GEOGRAPHIC TÜRKIÝÄNIŇ GARADEŇIZ KENARYNY «BEST OF THE WORLD 2026» SANAWYNA GIRIZDI

Türkiýäniň demirgazygynda ýerleşýän, tebigaty we medeni mirasy bilen tanalýan Garadeňiz sebiti «National Geographic» žurnaly tarapyndan 2026-njy ýyl üçin «BEST OF THE WORLD» diýen ada mynasyp boldy. Neşir bu künjegi köpçülikleýin dynç alyş ýerlerine alternatiwa hökmünde hödürläp, syýahatçylary hakyky türk medeniýeti bilen aralaşmaga we işjeň dynç almaga çagyrýar.

«National Geographic»-iň syýahat boýunça hünärmenleri tarapyndan her ýyl düzülýän «BEST OF THE WORLD» sanawyna geljek ýyl üçin iň täsirli 25 sany ýer-ugur girýär. Garadeňiz sebitiniň şeýle sanawa goşulmagy ýurduň diňe «deňiz, gün, kenar» dynç alyş bilen däl, eýsem daglary, jülgeleri, taryhy we özboluşly durmuş ýörelgeleri bilen hem myhmanlary özüne çekýändigini görkezýär.

Türkiýäniň demirgazygynyň özboluşly hazynasy

Türkiýäniň Gara deňiz sebiti, adyndan belli bolşy ýaly, ýurduň demirgazygynda Gara deňziň ugrunda, ýagny deňze ýanaşyk ýerleşýär. Bagy-bossanlyga bürenen Demirgazyk-Anadolynyñ daglarynyñ arasyndaky ajaýyp landşaftlary, baýyrlyklary hem-de urp-adatlaryny aýap saklan obalary sebitiň gözelligini we asudalygyny emele getirýär. Sebit soňky ýyllarda halkara jemgyýetçiligiň ünsüni barha köp çekýär. Ýurduñ Gara deňiz sebitiniñ «CNN Travel» tarapyndan «2024-nji ýylda syýahat etmek üçin iň oňat ýerleriň» hataryna, şeýle hem «Lonely Planet» maglumat kitaby tarapyndan sebitiň Ordu we Giresun welaýatlarynyñ «Best in Travel 2025» sanawyna goşulmagy munuñ aýdyñ subutnamasydyr.

Indi bolsa National Geographic hem Türkiýäniň Gara deňiz kenaryny 2026-njy ýylda syýahatçylaryň üns bermeli sebitleriniň biri hökmünde hödürleýär. Özüne bendi etmegi başarýan bu zolak islendik jahakeşdäniñ göwnünden turar, sebäbi bu ýerde çägeli kenarlardan we binagärlik gözelliklerinden başlap, gür tokaýlara we özboluşly ýerli tagamlara çenli ähli zat bar. Žurnalda Türkiýäniň bu demirgazyk böleginiň entek köp syýahatçynyň ünsünden daşarda galýandygy, ýöne sebitiñ dürli mümkinçilikleriniň ony ýurtdaky iň meşhur ugurlardan birine öwrüp biljekdigi bellenilýär.

Daglaryñ-derýalaryñ eteginde we tebigatyñ goýnunda deňi-taýy bolmadyk başdan geçirmeler

Bir wagtlar Beýik Ýüpek ýolunda işjeň söwda merkezi bolan Türkiýäniň Gara deňiz kenary, häzirki wagtda syýahatçylary tebigatyň gözellikleri bilen içgin tanyşmaga çagyrýar.

Alp– Gimalaý dag zolagyna degişli bolan Demirgazyk Anadoly daglaryndaky milli seýilgähler - ýaşyl dona bürenen tebigatda gezelenç etmäge we asuda ýyldyzly gijelerde düşelge (camping) gurmaga giň mümkinçilik berýär.

Bu ýere gelýän myhmanlar şeýle mümkinçiliklerden hem peýdalanyp bilerler:

  • Gümüşhane Karaja gowagyndaky millionlarça ýyllyk stalaktitleri we stalagmitleri synlap,
  • Fyrytyna derýasynda raftinge gatnaşyp,
  • Rizedäki Aýder belentliginiň üstünden asma (zipline) ýoly bilen tizlikli aşak düşüp bilerler.

Mundan başga-da, «National Geographic» Gara deňiz kenarynyň bir günüň içinde hem “serfing” hem-de lyžada typyp bolýan planetadaky seýrek ýerlerden biridigini belläp geçýär. Kenar dynç alyşyny halaýanlar çägeli kenarda demini dynjyny alyp, Ordudaky Çambaşy we Rizedäki Owit daglarynda bolsa lyžada we “snoubord”-da typyp bilerler.

Işjeň dynç alyşdan başga-da, syýahatçylygyň muşdaklaryny bu ýerde Rizedäki Zil galasy, Trabzondaky Sümela monastyry we Aýa-Sofiýa ýaly binagärlik desgalary we Karabükdäki ÝUNESKO-nyñ sanawyna girizilen Safranboludan başlap, Trabzondaky Orta Mahalle çenli gadymy ýaşaýyş ýerleri garaşýar.

Gara deňiz tagamlarynyň baý lezzeti

Bu sebitiň aşhanasy hem syýahatçylary özüne çekýär. Kenarýaka sebiti bolansoň, aşhanada balyk we deňiz önümleri giňden ulanylýar — olaryň arasynda meşhur hamsyly palawa (ownuk deňiz balykly palaw) aýratyn orun berilýär.

Syýahatçylarda unudylmajak lezzet duýgusyny döredýän sebitiň beýleki meşhur tagamlary:

  • Kuýmak — ertirligiň esasy tagamy bolup durýar. Ol mekgejöwen unundan we peýnirden taýýarlanýar
  • Akçaabat köftesi
  • Samsun pide çörekleri
  • Karalahana dolmasy - tüwi we et bilen doldurylan kelem ýapraklary
  • Hamsiköý sütlaç.

Sebitiň aýratyn mikroklimaty oba hojalyk önümlerini ösdürip ýetişdirmäge mümkinçilik berýär. Dünýäniň iň gowy funduk maňyzy Ordu we Giresunda ýetişdirilýär. Rize, Trabzon we Artwindäki çaý meýdanlarynyň ýaşyl eňňitleri bolsa Türkiýäniň iň owadan landşaftlaryny emele getirýär. Rize welaýatynyň Çeçewa obasynda çaý hasylyny ýygnamak boýunça ekskursiýalar aýratyn meşhurlyga eýedir.