TROÝA-ADY ROWAÝA ÖWRÜLEN GADYMY ŞÄHER
Troýa... Bu gadymy şäheriň taryhy Gomeriň «Iliada» we «Odisseýa» eserlerinden başlap, häzirki döwrüň kinofilmlerde we medeni giňişlikde öz beýanyny tapdy. Ol özüniň syrlylygy bilen entegem adamzadyň ünsüni özüne çekmegini dowam etdirýär. Türkiýäniň Egeý sebitiniň demirgazygynda ýerleşýän we ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen bu gadymy şäher diňe bir taryhy wakalaryň şaýady bolman, eýsem edebiýat, sungat, kino we ylym dünýäsi üçin hem ylham çeşmesi bolup hyzmat edýär.
Şu ýylyň 11-nji iýunynda Rimiň meşhur Kolizeýinde açylan we Troýanyň gymmatlyklaryna bagyşlanan göwrümli sergi, soňky ýyllarda bu ugurda guralan iň abraýly halkara çäreleriniň birine öwrüldi. Gadymy şäheriň medeni mirasyny dünýäniň iň uly taryhy ýadygärlikleriniň birinde şöhlelendirýän bu sergide, Türkiýäniň dürli sebitlerindäki 19 muzeýden, şol sanda Çanakkaledaky Troýa muzeýinden saýlanyp alnan 221 sany taryhy eksponat halk köpçüligine görkezilýär. Serginiň dowamynda Italiýada ilkinji gezek görkezilýän 50-ä golaý gymmatlyk, şeýle-de italýan muzeýleriniň gaznalaryndan getirilen 80 sany eksponat taryhçylaryň we syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýär. Bütindünýä jemgyýetçiliginiň uly gyzyklanma bildiren bu sergisi Troýanyň baý arheologik mirasyny açyp görkezmek üçin örän ähmiýetli meýdança bolup, gadymy şäheriň dünýä medeniýetindäki ornuny has-da pugtalandyrýar.
Rim sergisi bilen bir hatarda, dünýäniň dürli künjeklerinde guralýan medeni we ylmy çäreler hem köpçüligi bu gadymy şäher bilen ýakyndan tanyşdyrmagy dowam etdirýär. New-Ýork şäherindäki «Türk öýünde» üstünlikli geçirilen maslahatdan we fotosergiden soň, Troýa indi öz ünsüni Niderlandlara gönükdirýär: 28-nji iýunda Amsterdamdaky Ýunus Emre institutynyň guramagynda ýörite fotosergi açylsa, 29-njy iýunda Leýden uniwersitetinde Troýadaky arheologik gazuw-agtaryş işlerine ýolbaşçylyk edýän professor Rüstem Aslanyň gatnaşmagynda ylmy maslahat geçiriler. Dünýäniň dürli künjeklerinde dowam etdirilýän bu çäreler halkara jemgyýetçiliginiň Troýa bolan gyzyklanmasyny has-da artdyrýar. Şeýle halkara çäreleri Troýanyň taryhy ähmiýetini açyp görkezmekde möhüm ähmiýete eýe bolsa-da, olar bu gadymy mekanyň ruhuny doly beýan etmäge mümkinçilik bermeýär. Şäheriň hakyky atmosferasyny duýmak we onuň taryhynyň çuňlugyna göz ýetirmek üçin Türkiýe ähli syýahatçylary we taryh bilen gyzyklanýanlary Çanakkale şäheriniň merkezinden bary-ýogy 30 kilometr uzaklykda ýerleşýän gadymy Troýa şäherine myhmançylyga çagyrýar.
Tebigatyň, medeni mirasyň we rowaýatlaryň dünýäsine syýahat
Egeý deňziniň demirgazyk derwezesi hasaplanýan Çanakkale şäheri, Çanakkale (Dardanel) bogazynyň girelgesinde ýerleşýär. Bu kenarýaka mekany her bir myhmana ýatdan çykmajak pursatlary we deňsiz-taýsyz mümkinçilikleri wada berýär. Şäher diňe bir güneşli kenarlary we suw sportlary bilen däl, eýsem gözel tebigatly düşelgeleri, welosipedli gezelençleri we nepis şeraplary bilen hem baý dynç alyş gurşawyny hödürleýär. Bu ýerde myhmanlar taryhyň göni şaýady bolup bilerler. Birinji jahan urşunyň iň möhüm sahypalarynyň biri bolan Çanakkale söweşiniň ýa-da Dardanel operasiýasynyň yzlary bilen tanyşmak, hatda gark bolan harby gämileri görmek üçin deňziň jümmüşine çümmek mümkin. Syýahatçylar Ida dagynyň (Gaz dagynyň) zümerret ýaly ýaşyl eňňitlerinden tebigy lezzet alyp, Assos şäheriniň dury suwlarynda serginläp bilerler, şeýle-de Bozjaada we Gökjeada adalarynyň gaýtalanmajak jadysyny duýup bilerler.
Troýa: siwilizasiýalaryň gatlaklary
Çanakkale şäheriniň merkezinden bary-ýogy birnäçe minutlyk ýol uzaklygynda ýerleşýän Troýa, taryha söýgüsi bolan her bir adamy özüniň «köp gatlakly» syrlary bilen tanyşmaga çagyrýar. Bu gadymy mekan myhmanlaryna wagtyň akymyny yzarlamak we taryhyň jümmüşine çümmek ýaly seýrek duýgyny peşgeş berýär. Tewfikiýe obasynyň çäginde ýerleşýän Troýa, ilkinji nobatda, beýik şahyr Gomeriň «Iliada» eposyny döretmegine ylham beren şäher hökmünde dünýä ýüzünde tanalýar. Troýa adamlaryň ýadynda, esasan, rowaýata öwrülen Troýa söweşi bilen baglanyşykly galan hem bolsa, bu şäher şol taryhy wakalardan müňlerçe ýyl öň hem dürli siwilizasiýalaryň merkezi bolupdyr. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen bu gymmatly ýadygärlik, 5000 ýylyň dowamynda yzygiderli ýaşaýşyň bolandygyny tassyklaýar. Ol irki bürünç eýýamyndan başlap, Gündogar Rim imperiýasynyň döwrüne çenli aralygy öz içine alýan we arheologik barlaglar netijesinde yzygiderli üstü doldurylýan on sany aýratyn taryhy gatlagy özünde jemleýär.
Troýanyň girelgesinde myhmanlary gadymy rowaýatlaryň nyşanyna öwrülen ägirt uly agaç at garşylaýar. Taryhy syýahatyna hut şu ýerden badalga berýän syýahatçylar, şäheriň müňýyllyklaryň synagyndan geçip, gowy saklanyp galan daş diwarlarynyň arasynda we gadymy köçelerinde gezelenç edip bilerler. Belki-de, asyrlaryň dowamynda atlary rowaýata öwrülen gahrymanlar hem hut şu ýollardan ýöreýändirler diýen duýgy sizi syýahat boýunça ýoldaşyňyz bolar.
Troýa diňe bir Gomeriň eposlary bilen däl, eýsem Rim imperiýasynyň düýbüni tutan Eneýiň rowaýatlary bilen hem taryhy taýdan ýakyndan baglanyşyklydyr. Wergiliýniň «Eneida» eposynda beýan edilişine görä, Troýa weýran edilenden soň, şazada Eneý «Täze Troýany» tapmak maksady bilen syýahata çykýar. Taryhçylaryň häzirki wagtda «Eneýiň ýoly» diýip atlandyrýan we Ýewropa Geňeşi tarapyndan medeni ugur hökmünde resmi ykrar edilen bu taryhy ýol bilen ugran anadoluly şazada, ahyrsoňy Lasiýanyň kenarlaryna gelip ýetýär. Rowaýatlara görä, onuň nesilleri biziň eýýamymyzdan öňki 753-nji ýylda Rimi esaslandyrlar.
Mifologiýa bilen taryhyň çatrygyndaky bir hakykat jedelsizdir: Troýa – müňýyllyklaryň dowamynda yzygiderli ýaşaýyş taryhyny özünde jemlän we dünýä medeniýetine ägirt uly täsirini ýetiren beýik şäherdir. Ol günbatar edebiýatynyň düýpli esaslaryny kemala getirip, adamzat üçin baky ylham çeşmesine öwrüldi. Şu gün bu şäheriň gadymy harabalyklaryny – bürünç eýýamynyň berk goranyş diwarlaryndan başlap, Rimiň döwründäki Odeon we Bulewteriý desgalaryna çenli aralykda öz gözüň bilen görmek – taryhyň jümmüşine edilen gymmatly we unudylmaz bir syýahatdyr.
Troýa muzeýi: geçmişiň we geljegiň sazlaşygy
Troýa bilen tanyşlyk diňe gadymy şäheriň harabalyklaryny synlamak bilen çäklenmeýär. Arheologik ýadygärligiň girelgesinde, özüniň täsin binagärlik çözgüdi bilen tapawutlanýan we halkara sylaglara mynasyp bolan Troýa muzeýi ýerleşýär. Bu mekan myhmanlary gadymy gazuw-agtaryş işlerinde tapylan arheologik genji-hazynalar bilen ýakyndan tanyşmaga we taryhy syýahatyny täze täsirler bilen baýlaşdyrmaga çagyrýar. Troýanyň şöhratly geçmişini häzirki zaman nesilleri bilen baglanyşdyrýan bu muzeý, üç gatdan ybarat sergi zallarynda şäheriň köp gatlakly taryhyny öňdebaryjy tehnologiýalaryň kömegi bilen täsirli gürrüň beriş usulynda myhmanlara hödürleýär.
Syýahatyňyzy meýilleşdiriň
Çanakkale syýahat etmek üçin dürli mümkinçilikleri hödürleýär. Stambul howa menzili bilen şäheriň arasyndaky yzygiderli uçuşlar aralygy gysgaltmaga kömek etse, awtoulagly syýahat tebigatyň gözel künjeklerinden lezzet alyp, syýahatyňyzdan doly kanagatlanmaga şert döredýär. Stambuldan ýola düşen myhmanlar birnäçe sagadyň dowamynda taryhyň gözbaşy hasaplanýan Troýa şäherine ýetip bilerler.
Çanakkale myhmanlaryna dürli derejeli hyzmatlary hödürleýär. Bu ýerde halkara ölçeglerine laýyk gelýän iri myhmanhanalardan başlap, rahat hem-de owadan butik-myhmanhanalara çenli islendik islegi kanagatlandyrmak mümkin. Eger siz has özboluşly we ýatdan çykmajak tejribe gözleýän bolsaňyz, Troýa şäherine iň ýakyn Tewfikiýe obasynda galmagy maslahat berýäris. Maşgala tarapyndan dolandyrylýan bu ýerdäki kiçeňräk myhmanhanalar, türk myhmansöýerliginiň ýylylygyny hut özüňizde duýmaga ajaýyp mümkinçilik döredýär.
Gadymy Troýa diňe bir taryhy ýadygärlik däl, eýsem sebitiň meşhur «Troýa şerap ýolunyň» hem möhüm halkasydyr. Gallipoliden başlap, Ejeabat we Troýa arkaly geçip, gözel Bozjaada adasyna çenli uzalyp gidýän bu täsin ugur myhmanlary müňýyllyklara daýanýan baý şerapçylyk mirasy we däpleri bilen ýakyndan tanyşmaga çagyrýar. Bu ugur boýunça amala aşyrylýan gezelenç, taryhy gözellikleri synlamak bilen bir hatarda, ýerli medeniýetiň öwüşginlerini we özboluşly tagamyny duýmaga ajaýyp mümkinçilik döredýär. Bu diňe bir syýahat däl, eýsem müňýyllyk miras bilen ýakyndan tanyşmakdyr.
Çanakkale şeraplary bilen utgaşýan baý milli aşhanasy bilen hem meşhurdyr. Bu sebitiň gastronomiýa medeniýeti myhmanlara ýatdan çykmajak täsirleri wada berýär. Meşhur «Ezine» peýniriniň täsin tagamyndan we ýerli zeýtun ýagy bilen taýýarlanan ter gök önümlerden başlap, deňziň nygmatlaryna çenli dürli görnüşli tagamlar sizi özüne bendi eder. Özboluşly balyk tagamlary, esasanam Dardanel bogazyndan we Saros aýlagyndan tutulan sardina balygy bu ýeriň iň esasy nygmatlarydyr. Çanakgalanyň medeniýetini hut onuň tagamlary arkaly duýmak – bu syýahatyň iň ýakymly bölekleriniň biridir.


