BU ÝYL GEÇİRİLÝÄN TÜRK TAGAMLARY HEPDELİGİNİÑ ÇÄKLERİNDE ÝURDUÑ NUSGAWY TAGAMLARY HÖDÜR EDİLER

Türk tagamlarynyň hepdeligi – bu türk milletiniň baý aşhanalyk däplerine bagyşlanan çäredir. Ol her ýyl guralýar. Hepdeligiň özi peýdaly naharlary taýýarlamagyň adaty we şol bir bada daş töwerege zyýan ýetirmeýän usullary bilen tanyşdyrmaga gönükdirilendir. 2025-nji ýylda çäre dördünji gezek geçirilýär (maý aýynyň 21-27-si aralygy). Mowzugyndan belli bolşy ýaly – «Türk aşhanasynyñ nusgawy tagamlary», hepdelik türk aşhanalyk medeniýetiniñ özenini görkezmäge niýetlenendir.

Her ýyl guralýan hepdeligiň dowamynda Türkiýe Respublikasynyň wekilleri birnäçe çäreleri geçirýärler: olar Türkiýede we daşary ýurtlarda guralýar. Bular ýaly çäreler hepdeligiň öňisyrasynda  we dowamynda jemgyýetçilik torlarynda hem dabaraly bellenýär. Hepdeligiň esasy maksady – türk milletiniň müňýyllyklaryň dowamynda we medeni alyş-çalyşygyň netijesinde kemala gelen baý aşhanalyk däplerine ünsi çekmek bolup durýar.

Adaty nygmatlardan doly Anatoliýanyň desterhany hemmeler üçin açylýar

Türkiýede taýýarlanylýan tagamlar dürli-dürlidir, sebäbi ýerli ilatyň aşhanalyk tärlerine ýa-da däplerine oňaýly howa şertleri we gadymy taryhy ösüşi köp täsir edipdirler. Netijede bularyň ählisi Türkiýäni datly tagamalary halaýanlaryň arzyly ýurdyna öwürdi. Häzirki Türkiýäniň aşhanalyk medeniýetiniň baýlygynyň esasynda – hiç üýtgemeýän usullar boýunça taýýarlanylýan adaty we şol bir bada peýdaly öý naharlarydyr: tagamlar pasyla görä elýeterli önümlerden bişirilýär, emma olaryň taýýarlaýyş usullary örän oýlanşyklydyr. Ozaldan bolşy ýaly bu naharlar we olary bişirmegiň tärleri Anatoliýanyň ilatyna mahsus däpleri we durmuş ýörelgeleri – myhmansöýerligi, şähdiaçyklygy, agzybirligi we bitewiligi – açyp görkezýärler. Bu häsiýetleriň ählisi türk maşgalalarda desserhanyň mydama açyklygynyň we onuň başynda hemmeleriň – garyndaşlaryň we dostlaryň, jem bolmagynyň sebäbidir.

Bu ýylky çäräniň maksatnamasyna laýyklykda, adaty, emma wagtyň synagyndan geçen tagamlar hödür ediler. «Türk aşhanasynyñ nusgawy tagamlary» mowzugynyň nahar sanawynda – merjimekden taýýarlanan çorba, tarhana çorba, imam baýyldy (içi pomidor we sogan bilen dykylan badamjan), manty, ýer almadan we peýnirden ot hem-de et garylyp ýasalan huruşly içlekli (börek içlekli) ýaly tagamlar bar. Hepdeligiň dowamynda türk maşgalalarynda adatça bişirilýän tagamlaryň dürli görnüşleri görkeziler: garnyýaryk (ikä dilinen badamjanyň her ýartysyna üwelen et dykylan tagam), tüwili jäjyk, kuru fasulýe (ak noýbadan taýýarlanan batyrma), duzlanan gök önümler goşulan gaýnan tüwi, ýany gatyk bilen hödür edilýän we içine dürli gök önümler salynan dolamalaryň birnäçe görnüşleri. Bularadan başga-da gatnaşyjylara bostana we çopan atly ýeňil işdäaçarlar, hoşaf içgisiň birnäçe görnüşleri (kakadylan miwelerden taýýarlanylýan şerbet) hödür ediler, soňunda bolsa dürli süýjilikleri dadyp bolar – towuk-gögsü (towugyň döş etinden taýýarlanyýlan ýumşak süýjülik – puding), kazan-dibi (süýtden taýýarlanylan üsti şeker örtükli ýumşak süýjülik – puding) we pahlawa.

Adaty tagamlaryň Türkiýäniň sebitleri boýunça köpdürlidir

Türk tagamlarynyň hepdeliligi ýurdyň sebitleriniň aýratynlyklaryny hem ýüze çykarýar. Türkiýe 81 sany welaýata bölünen: şu gezekki çäraniň dowamynda olaryň her birine mahsus nahar taýýarlanyş usullary görkeziler. Bu usullaryň köpdürliligini we tapawutlylyklaryny her welaýat üçin adaty önümler, birmeňzeş bolmadyk howa şertler we asyrlar boýy dowam eden medeni alyş-çalşyklar bilen düşündirmek mümkin. Şeýlelikde hepdeligiň dowamynda gatnaşyjylar Türkiýäniň dürli ýerlerine – Egeý deňziniň kenarýakasynda zeýtun ýagynda bişirilýän we Türkiýäniň günorta-gündogarynda hoşboý ysly goşundylar bilen taýýarlanylýan naharlardan başlap tä Gara deňiz ýakasyna çenli – mahsus tagamlary dadyp görerler. Sebitleri gurşap alýan bu çäre myhmanlary Türkiýäniň her welaýatynyň adaty tagamlary, durmuşy we mirasy bilen tanyşdyrar.