TÜRKIÝE 2025-NJI ÝYLYŇ BIRINJI ÝARYMYNDA SYÝAHATÇYLYK PUDAGYNDA DEPGINLI ÖSÜŞLER GAZANDY

Türkiýe 2025-nji ýylyň birinji ýarymynda takmynan 26 million 389 müň syýahatçyny kabul etdi. Bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 1 göterim ösüşiň bellige alnandygyny aňladýar. Şunda syýahatçylyk girdejisi 7,6 göterim ýokarlanyp, 25,8 milliard amerikan dollaryna barabar boldy.

Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň maglumatlaryna görä, Türkiýe 2024-nji ýylda ýurda gelýän daşary ýurtly syýahatçylaryň sany boýunça dünýäde dördünji orny eýeledi.

Türkiýäniň medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoýyň sözlerine görä, jahankeşdeler ýurtda ortaça 10 gije bolup, adam başyna 106 dollar harçladylar — bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 8 göterim köpdür.

Gelen syýahatçylaryň sany boýunça öňdeligi eýeleýän ýurtlaryň hatarynda Russiýanyň (2,61 million adam), Germaniýanyň (2,42 million) we Beýik Britaniýanyň (1,75 million) bardygyny hem bellemek gerek. Amerikadan, Merkezi Aziýadan hem-de Aziýa-Ýuwaş ummany sebitinden hem syýahatçylyk akymynyň ýokarlanýandygy bellige alyndy.