MARK AWRELINIŇ HEÝKELI 65 ÝYLDAN SOŇ WATANYNA – TÜRKIÝÄ GAÝTARYLDY
Türkiýe Respublikasynda medeni mirasy gorap saklamaga aýratyn ähmiýet berilýär. Bu ugurda görülýän çäreler, şol sanda taryhy gymmatlyklary gaýtarmak boýunça edilýän tagallalar, ýene bir gezek oñyn netijelerini berdi. Ýagny ýarym asyrdan gowrak wagtdan soň rim imperatorynyň – Mark Awreliniň – heýkeli Türkiýä yzyna gaýdyp berildi. 65 ýyl ozal bu heýkel gadymy Bubon şäherinden (Türkiýe, Burdur welaýaty) ogurlanypdyr. Soňra uzak ýyllaryň dowamynda ol Kliwlendiň sungat muzeýinde goýulypdyr. Indi bolsa Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň (ABŞ) hökümet edaralary bilen hyzmatdaşlykda Mark Awreliniň heýkelini gaýtarmagy başardy.
Biziň eramyzdan öňki II-III asyrlara degişli Mark Awreliniň heýkeli – antiki sungatynyň gaýtalanmajak eseridir, sebäbi onda rim imperatory filosofyň keşbinde şekillenilipdir. Bürünçden ýasalan bu heýkel Anatoliýada ýüze çykarylan heýkeltaraşlygyň iň nepis eserleriniň biri hasaplanylýar. 1960-njy ýyllarda ony Bubon şäherinden (Türkiýäniň günorta-günbatarynda ýerleşýän Burdur welaýatynyň Gölhisar etraby) bikanun ýurtdan çykarylýar.
Kliwlendiň sungat muzeýine ýetýänça bu sungat eseri ep-esli wagt eýeden eýä geçýär. Uzak wagta çeken hukuk we diplomatiki çärelerden soň ol ahyry ABŞ-dan yzyna, ýagny Türkiýä gaýtarylýar. Basym wagtda adamlar ony Ankarada görüp bilerler.
Ylmyň, hukugyň we diplomatiýanyň bilelikdäki aýgytly tagallalarynyň ýeňşi
Ilki başda Kliwlendiň sungat muzeýi, kazyýetiň emläge bolan eýeçilik hukugyny gadagan etmek baradaky çözgüdini şikaýat edip, heýkeliň Bubon şäheri bilen baglydygyny ret edýän talap arzasyny berýär. Türkiýe bolsa öz talabyny esaslandyrmak üçin ylmy derňewi geçirmäge razylaşýar. 2024-nji ýylyň maý aýynda Türkiýäniň ministrliginiň bilermenleriniň garamagynda heýkeliň aýagynyň silikon guýlup ýasalan nusgasy alynýar. Nusga Bubonda tapylan heýkel sütüniniň düýplerine takyk gabat gelýär. Mundan başga-da topragyň we gurşun-uglerod maddalarynyň nusgalary alynýar. Soňra Kurt Engelhorn adyndaky Arheologiki ölçegler merkeziniň (Germaniýa) barlaghanalarynda professor Ernst Perniçka toplanan nusgalar boýunça derňew geçirýär. Olaryň netijesi heýkeliň hakykatdan-da ozal Sebasteýonda ýerleşendigini gutarnykly tassyklamaga esas berdi. Ondan başga-da heýkeliň içindäki topragyň himiki düzümi we stronsiýniň izotoplary Bubonda alynan topragyň üç sany nusgasy hem-de “Walerianyň” heýkeliniň (aýdylşyna görä, heýkel Bubon şäherinde tapyldy) içinden alynan topragyň nusgasy bilen doly gabat geldi. Derňewleriň netijeleri köpçülige aýan edileninden soňra Kliwlendiň sungat muzeýi kazyýet tarapyndan bu jedeliň seretmekligini ret etdi we Mark Awreliniň heýkelini Türkiýä gaýtarylmagyna razylaşdy.
Türkiýe Respublikasynyň medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý bu wakanyň “taryh ölçegindäki uly üstünlik” diýip özüniň jemgyýetçilik tordaky sahypasynda belledi.
Ersoýyň ýüzlenmesinde bellenilişi ýaly, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Içerki howpsuzlyk ministrliginiň derňew gullugy we Manhettan etrabynyň prokuraturasy bilen hyzmatdaşlykda çözülen bu mesele – medeni tapyndyny gaýtarmak barada däl, ol has çuň mana eýe. Bu taryh ölçegindäki uly üstünlik diplomatiýanyň, hukugyň we ylmyň bilelikdäki tagallalary bilen ýetildi.
Ilki başda agzalan mesele örän köp kynçylyklara duçar etdi, emma iň soňunda ähli jedelleri oýlanşykly we netijeli çözmek başartdy, bu bolsa, öz gezeginde, Muzeý bilen Ministrligiň geljekki hyzmatdaşlygy üçin esas döretdi.
Medeni mirasa Türkiýäniň global garaýşy
Mark Awreliniň heýkeliniň Türkiýä gaýtarylmagy – diňe bir medeniýet babatda ýeňiş bolman, halkara hukugynyň, ylmyň we diplomatiýanyň bilelikde ýeten üstünligidir. Şol bir wagtda bu ýagdaý Türkiýäniň taryhy tapyndylaryň bikanun dolanyşygyna dowam edýän göreşiniň iň bir wajyp pursatlarynyň biri boldy. Ozalky ýaly, Türkiýe ýurdyň çäginden bikanun usullar bilen çykarylan ähli medeni gymmatlyklary gaýtarmak üçin tagallalaryny üznüksiz dowam edýär. Bu ugurdaky edilýän hereketler – Türkiýäniň has uly göwrümli ymtylmasynyň we öňe sürýän pikiriniň, ýagny baý medeni mirasy goramak we durnukly dolandyrmak boýunça konsepsiýasynyň bölegidir.
Gazuw-agtaryş işleriniň tutuş ýurt boýunça uzak ýyl geçirilmegini göz öňüne tutýan “Geljek üçin miras” atly taslamanyň çäklerinde Türkiýäniň köp gadymy desagalarynda gözleg we dikeldiş çäreleri dowam edýär. Türkiýe 2026-njy ýyla çenli taryhyň ozal kän bilinmän we owrenilmän galan sahypalaryny açjak arheologiki gözlegleriň sanyny 800 ýetirmegi maksat edinýär.