TÜRKIÝÄNIŇ ÝUNESKO-NYŇ BÜTINDÜNÝÄ MIRASYNYŇ SANAWYNDAKY OBÝEKTLERI 22 ÝETDI

Belli bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 6–16-njy iýulynda Parižde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä miras komitetiniň 47-nji mejlisi geçirildi. Şonda Türkiýäniñ Manisa welaýatynda ýerleşýän «Gadymy Sardis şäheri we Bintepeleriň Lidiýa depeleri» atly 22-nji obýekti resmi taýdan hasaba goýdy.

Sardis şäheri — b.e. öň VIII–VI-nji asyrlarda Lidiýa şalygynyň paýtagty bolupdyr. Soňa baka ol sebitdäki Demir asyryň ilkinji döwletiniň güýçli syýasy merkezine öwrülipdir. Lidiýalylar şaý puly oýlap tapyjylar, ummasyz baýlygyň eýesi we özboluşly medeni-jemgyýet nusgasyny döredijiler hökmünde belli bolupdyrlar. Paktol derýasyndaky ummasyz altyn ýataklaryň bolandygy sebäpli Lidiýa Kiçi Aziýanyň iň baý sebitleriň biri hökmünde uly meşhurlyga eýe bolupdyr.

Sardis şäheri üç esasy bölekden, ýagny akropoldan, berkidilen merkezden we oňa ýanaşýan mazar depeleri bolan ilatly nokatlardan ybaratdyr.

Şäheriň ýokarky çeti berk diwarlary we terrasalary öz içine alýar, aşaky çetinde bolsa çig kerpiçden gurlan jaýlar, gaýanyň ýüzi köwülip ýasalan içki mazarlar we altyn arassalaýjy ussahanalar ýerleşýär.

Sardisiň demirgazygynda ýerleşýän Bintepeler atly mazarlyk (nekropol) dünýäde iň ulularyň biri hasaplanýar. Ol 75 inedördül metre barabar bolan meýdany tutýar we öz içine 119-dan gowrak mazar depelerini alýar.

ÝUNESKO-nyň saýlaw görkezijileri boýunça, bu obýekt täsin Lidiýa siwilizasiýasynyň, onuň binagärliginiň, dininiň we jemgyýetçilik gurluşynyň beýany hökmünde aýratyn medeni ähmiýete eýe.

Mundan başga-da Sardis şäheri antiki döwre degişli iň uly sinagoga (iudeýleriň ybadathansy) bilen meşhurdyr: ol keramatly Ýahýa inen ylhamda Ahyrzamanyň ýedi sany ybadathanalarynyň hatarynda agzalýar.

Häzirki wagtda Sardis şäherinde we Bintepe nekropolynda arheologiki gözlegler we taryhy mirasy gorap saklamak boýunça taslamalar dowam edýär.

“Ýyldyzlaryň astyndaky muzeý” maksatnamanyň çäklerinde Sardis Türkiýede agşamky gezelençler üçin açyk bolan 27 sany obýektleriň biridir. Bu bolsa, öz gezeginde, syýahatçylara gadymy harabalyklary adaty bolmadyk ýagdaýda synlamaga ajaýyp mümkinçilik berýär.