ÄHLI ÝAŞDAKYLAR ÜÇIN TÜRKIÝE: BIRNÄÇE NESLIŇ MAŞGALA BOLUP DYNÇ ALÝAN ÝERI

Syýahatçylyk pudagyndaky soňky tendensiýalar maşgala bolup dynç almak ısleýänleriñ köpelýändigini görkezýär. Pudagyñ hünärmenleri tarapyndan 2026-njy ýylda geçirilen seljermelere görä, dynç alýanlaryň 31 göterimi maşgalasy, ýagny birnäçe nesliň wekilleri bilen syýahat etmegi meýilleşdirýärler. Aýratyn-da «Z» nesliniñ (takmynan, 1997-nji ýyldan 2012-nji ýyla çenli doglanlar) şeýle hem «Milleniallar-Y» nesliniñ (takmynan, 1981-nji ýyldan 1996-njy ýyla çenli doglanlar) agzalary dürli nesilleri birleşdirýän syýahatlary barha köp saýlaýarlar. Şunlukda, uly ýaşly Z nesliniň 51 göterimi ene-atalary bilen syýahat edendiklerini belläp geçdiler. Orta ýaşlylar üçin maşgala syýahaty — ýatdan çykmajak ýakymly ýatlamalary döretmek mümkinçiligidir. Şeýle syýahat boýunça geçirilen sorag-jogapda respondentleriň degişlilikde 59 we 29 göterimi hakyky gatnaşyklary berkitmäge ýol açýandygyny nygtaýarlar.

Türkiýe - dünýäniň dürli künjeklerinden amala aşyrylýan göni howa gatnawlary, jana tenekar hoştap howasy, oňaýly ýaşaýyş şertleri, geografiki taýdan amatly ýerde ýerleşmegi  we ähli ýaşdakylar üçin göwnüňi göterýän dürli güýmenjeleri hödürlemek bilen, maşgala dynç alyşlary üçin iň gowy ýerleriñ biri bolmagynda galýar. Taryhy şäherlerinden başlap, asuda obalaryna çenli Türkiýäniň dynç alyş ýerleri, özboluşly tebigy aýratynlyklary we myhmansöýerligi bilen utgaşan medeni mirasy arkaly birnäçe nesliň dynç almagy üçin amatly saýlawlaryn birine öwrülýär. Ýaş syýahatçylar tebigaty öwrenip, welosipedli gezelenje çykyp, daýwing bilen meşgullanyp ýa-da gadymy ýadygärliklere baryp bilerler, uly ýaşly maşgala agzalary bolsa türk hammamyndan lezzet alyp, ussatlyk sapaklaryna gatnaşyp ýa-da ýerli tagamlaryñ we şeraplaryñ tagamlaryna baha berip bilerler. Şeýlelikde, Türkiýäniň hödürleýän dynç alyşy birnäçe nesliň bilelikde syýahat edip unudylmajak  ýakymly ýatlamalary galdyrmak bilen bir hatarda, maşgala gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga mümkinçilik berýär.

Belek: Antalýanyň jennet mekany

Maşgala dynç alyşy barada gürrüň açylanda, Türkiÿaniň meşhur Türk riwýerasy we onuň göwher täji bolan Antalýa ılkinji bolup ýada düşÿar. Antalýadan bary-ýogy 20 minut uzaklykda yerleşyän Belek, maşgalalary ýatdan çykmajak täsirli we açyşlardan doly dynç alyşa çagyrýar. Bu ajaýyp syýahatçylyk zolagy dünyä derejesindäki golf meýdançalary, çagalar ücin ýokary derejede guralan toplumlary, kaşaň myhmanhanalary hem- de gözýetimsiz uzalyp gidýän altyn öwüşginli çägesöw deňiz kenarlary bilen tapawutlanyar. Bu ýerde ýylda takmynan 300 günüň güneșli bolmagy sebäpli, Belekde 10 aýlap golf oýnamak mümkin. Mundan başga-da maşgalalar Belek deňziniň tämiz kenarlarynda dynç alyp, çagalary bilen Türkiýäniñ ıñ uly seýilgähleriniñ biri bolan «The Land of Legends» (Rowayatlaryn yurdy) seýilgähinde ýatdan çykmajak pursatlary başdan geçirip bilerler.

Troýa: Tutuş maşgala üçin wagtyň hökmi geçmeýän başdan geçirmeler

Maşgala agzalarynyň ählisini haýran galdyrjak ýene bir ýer — demirgazyk Egeý kenarynda ýerleşýän Çanakkale şäheridir. Bu ýerde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Troýa ýerleşýär. 5000 müñ ýyldan gowrak wagt dowam eden üznüksiz ýaşaýşy we on sany arheologik gatlagy bilen Troýa taryhyň iň görnükli ýerleriniň biridir. Sebite syýahatyňyzy gazuw-agtaryş işlerinde tapylan gymmatly artefaktlary özünde jemleýän Troýa muzeýi bilen başlamak has-da täsirli bolar. Troýa bilen tanyşlykdan soň, maşgalalar kisloroda baý Kaz (Ida) daglaryna gezelenç edip, gadymy Assos şäherine baryp ýa-da Ýeşilyurt we Adatepe ýaly özüne çekiji obalary bilen tanşyp bilerler. Çagalar suwa çümmekde ýa-da welosiped gezelençlerinde özlerini synap görüp bilerler, ene-atalar bolsa sebitiň meşhur şerap ugurlary bilen tanyşyp bilerler.

Urla: Egeý deňziniň kenarynda gastronomiýa syýahaty

Urla — Izmiriň Egeý deňziniň kenaryndaky «Michelin» ýyldyzly künjegidir. Ol Iskele etrabyndaky we Senetçiler köçesindäki daş binalary bilen ähli ýaşdaky syýahatçylary özüne çekýär.

Urla şeýle hem dünýäde zeýtun ýagyny öndürýän ılkinji merkezleriň biri bolan Klazomeni şäheridir; bu ýerde üzümçiliklere aýlanyp, Urlanyň özboluşly ýerli şeraplaryny dadyp görmek mümkinçiligi döredilen, mawy deňiz bolsa suw sportunyň dürli görnüşlerini hödürleýär. Maşgala dynç alyşy üçin oñayly bolan kiçi butik-myhmanhanalar Urlanyň sessiz-üýnsüz kenarlarynda rahat dynç alamaga, tebigatda gezelenç etmäge we Egeý deňziniň gözelliklerini tutuş maşgala bolup öwrenmäge mümkinçilik berýär.

Ýerli fermalara baryp görüñ we çagalaryňyza daş-töwerek, tebigat bilen tanyşdyrmaga mümkinçilik beriň, agşamyna bolsa «Michelin» ýyldyzly restoranlarda ajaýyp agşamlyk naharyndan lezzet alyň.

ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Efes şäheri hem taryha syýahat etmegi wada berýär, bu ýerde Selsus kitaphanasynyň täsirli galyndylaryny görüp bilersiňiz.

Bursa: Osman imperiýasynyň mirasy we maşgala başdan geçirmeleri

Stambuldan bary-ýogy iki sagatlyk aralykda ýerleşýän Bursa taryhyň, tebigatyň we milli aşhananyň ajaýyp sazlaşygyny hödürleýär. Bir wagtlar Osman imperiýasynyň ılkinji paýtagty bolan bu şäher şu ýyl ýeñşiniñ 700 ýyllygyny belleýär we bu onuň baý mirasy bilen tanyşmak üçin ajaýyp mümkinçilik döredýär. Şäheriň esasy gözel ýerleriniň arasynda haýran galdyryjy Ulu Jami, Koza Han ýaly taryhy kerwensaraýlar hem-de üstünde bazarlary bolan özboluşly köprüler bar. Maşgalaly syýahatçylar asma ýol arkaly Uludag dagyna çykyp ýa-da ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Jumalykyzyk obasyna baryp, aýawly saklanan osmanly jaýlaryny synlap we däp bolan türk ertirliginden lezzet alyp bilerler. Bursa şypaly suwlary we taryhy hammamlary bilen hem meşhurdyr. Ýaşlar Iznik kölünde kanoe sürüp wagtlaryny hoşal geçirip bilerler. Bursa mundan başgada, Aýasofýa metjidi, keramika ussahanalary we kölüň kenaryndaky asuda atmosferasy bilen ähli ýaşdaky syýahatçylar üçin gyzykly tejribe hödürleýär. Maşgala bolup meşhur Isgender kebabyny dadyp görmek bolsa Bursa syýahatynyň iň lezzetli jemlenmesi bolar.