«KAPPADOKIÝA ERTEKISI» — DÜNÝÄNI HAÝRAN GALDYRAN TÄSIN SYÝAHATÇYLYK HADYSASY
Türkiýäniň baý taryhy we tebigy gözelliklerini kino sungaty arkaly dünýä ýaýýan «GoTürkiye» platformasy täze halkara taslamasyny hödürledi. «Stambul hekaýaty» kiçi göwrümli serialynyň 1,5 milliarddan gowrak tomaşaça ýetmeginden soň, bu gezek «Kappadokiýa ertekisi» taslamasy sanly platformalaryň hakyky hitine öwrüldi.
Resmi ilkinji görkezilişden soň bary-ýogy 10 günüň içinde 49,6 million gezek görlen bu serial dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekdi. Häzirki wagtda serial 25 döwletde görkezilýär we Türkiýäniň syýahatçylyk mümkinçiliklerini täsirli gürrüň bermek (storytelling) usuly bilen wagyz edýär.
Serialyň baş gahrymanlary, Selim bilen Duru, durmuş toýundan soň ilkinji aýy syýahatda geçirýärler. Olaryň taryhynyň üsti bilen tomaşaçylar täsin syýahata ugraýarlar. Serialda Üçhisar galasy, Gyzyl we Söýgi jülgeleriniň täsin tebigatyny açyp görkezýär. Şeýel-hemÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Kappadokiýanyň ajaýyp görnüşleri howa şarlaryndaky gezelençler arkaly janlandyrylýar.
Taslamanyň režissýory bolup halkara derejesindäki abraýly «Emmi» baýragynyň eýesi Hilal Saral çykyş etdi.
«GoTürkiye» platformasy diňe bir kino taslamalary bilen däl, eýsem sosial ulgamlardaky işjeňligi bilen hem öňdeligi eýeleýär. Platformanyň umumy auditoriýasy 20,8 million adamdan geçip, «YouTube» we «TikTok» ýaly meýdançalarda Türkiýäniň milli syýahatçylyk hasaby (akkaunty) uly meşhurlygy gazandy we dünýäde birinji oruny eýeleýär.
Geljekde guramaçylar Türkiýäniň beýleki gözel künjeklerini hem öz içine alýan täze kinematografik taslamalary durmuşa geçirmegi meýilleşdirýärler.
Şeýlelikde, «Kappadokiýa ertekisi» diňe bir «GoTürkiye» platformasynyň nobatdaky kinematografik önümi bolman, eýsem Türkiýäniň bütindünýä syýahatçylygynda ornuny berkitjek we tomaçaçylary ýurduň täze künjeklerine seýil etdirjek taslamasydyr.


