«STAMBUL HEKAÝATY» EÝÝÄM YOUTUBE-DA

GoTürkiye-niň hödürleýän dördünji täze kiçi göwrümli serialy — «Stambul hekaýaty» — Stambulyň özüne çekiji gurşawyny döwrebap sýužet bilen baglanyşdyryp, Türkiýäniň medeni baýlygyny dünýä köpçüligine ýetirýär. «Ay Yapım» studiýasy tarapyndan surata düşürilen bu serial 10 bölümden ybarat bolup, onuň baş gahrymanlarynyň (Ozan Akbaba we Sinem Unsal) gyzgyn duýgulary şäheriň köp milletli ruhy bilen sazlaşykly utgaşyp, tomaşaçyda hakyky gyzyklanma döredýän ajaýyp eseri emele getirýär.

Sýužetiň merkezinde — bir taslamanyň üstünde işleýän, emma biri-biri bilen oňuşmaýan kino ýyldyzlary Duru we Selim. Emma garaşylmadyk wakalaryň yzly-yzyna bolup geçmegi bilen, gahrymanlaryň arasyndaky sowuklyk kem-kemden ýyly gatnaşyklara öwrülýär. Gündogar bilen Günbataryň duşýan, taryhyň jadyly dünýäsiniň döwrebaplyk bilen sazlaşýan ýeri bolan täsin Stambul bolsa, serialyň depginine, gurluşyna we duýgy dünýäsine aýratyn öwüşgin çaýýar. Bu şäher sýužetiň aýrylmaz bölegine öwrülýär.

Türkiýäniň syýahatçylygy ösdürmek we mahabatlandyrmak boýunça agentligi (TGA) tarapyndan goldanylan bu serial şäheriň kaşaňlygyny, gözelligni, medeni köp dürlüligini we köp taraply häsiýetini kino sungatynyň üsti bilen görkezýär. Film Beýogly, Nişantaşy, Galata, Bosfor kenarýakasy we Kireçburnu ýaly meşhur ýerlerde surata düşürilip, geçmişiň yzlarynyň häzirki zamanyň akymyna siňip gidýän ýeri bolan Stambulyň ebedi özüne çekijiligini açyp görkezýär.

Serialyň üstünde dünýä belli režissýor Hilal Saral we häzirki zaman ssenariýa sungatynyň täze zehini, çeper eserleriñ esasy mazmunyny görkezmekde özboluşly garaýşy bilen tapawutlanýan Kemal Hamamjyogly işlediler.

Bu taslamanyň düýp manysy bir jümlede beýan edilýär: «Unudylmaz hekaýatlar diňe şu ýerde bolup biler».

«Stambul hekaýaty» eýýäm YouTube-da tomaşaçylara ýetirildi. Bu serial «Wanderlust Reader Travel Awards – 2025» baýragynyň netijelerine görä Ýewropanyň «iň arzyly şäheri» diýlen ada mynasyp bolan Stambulyň özüne çekiji gözelligini Duru we Selimiň arasyndaky çuňňur duýgulara ýugrulan gatnaşyklar baradaky hekaýat bilen utgaşdyrýar.