Biz barada

Türkiýe Respublikasynyñ Türkmenistandaky Ilçihanasynyñ Medeniýet we tanadyş ışleri boýunça geñeşligi

Türkiýe asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan medeni mirasy bilen ýurda gelýänleriñ ruhyny galkyndyrýan medeniýet merkezi bolup durýar. Gadymy siwilizasiýalaryň ojagy hasaplanýan Türkiýe, taryhy ýadygärlikleri, owadan peýzažlary we gastronomiýa pudagynda ýeten sepgitleri bilen özüne bendi edýär. Çar tarapy deñiz bilen gurşalan bu ýurt, Aziýa bilen Ýewropa yklymlaryny Bosfor bogazy bilen birleşdirýär. Türkiýäniñ medeni baýlygy; däp-dessurlaryň we döwrebaplygyň sazlaşygyndan dörän sungat barada, şeýle hem moda, aýdym-saz we gastronomiýa ýaly ugurlar boýunça çuňňur düşünjeler berýär. Tebigaty bolsa arassa howada dynç almak üçin ajaýyp mümkinçilikleri hödürleýär we jadylaýjy pursatlary peşgeş edýär. Dünýäniñ ähli künjeginden gelýän myhmanlaryny öz myhmansöýerligi we sypaýylygy bilen garşy alýar. Syýahatyñyz sizde mylaýym ýylgyryş we ýatdan çykmajak täsirler galdyrar.

Türkiýe Respublikasynyñ Türkmenistandaky Ilçihanasynyñ Medeniýet we tanadyş ışleri boýunça geñeşligi, Türkiyäniñ Siziñ üçin iñ meşhur dynç alyş ýerleriñ birine öwrüljekdigini wada berýär.

«Bir millet — iki döwlet» ýörelgesinden ugur alyp ösdürilýän hyzmatdaşlygymyz strategik häsiýete eýedir. Şunuñ bilen baglylykda, Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi, şeýle hem Türkiýäniñ Syýahatçylygy mahabatlandyryş we özgerdiş Agentligi (TGA) syýahatçylyk pudagyndaky hyzmatdaşlarymyz bilen özara gatnaşyklarymyzy ösdürmäge çalyşýarlar.

Mundan başga-da, myhmanlarymyzy Türkiýede mähir bilen garşylap, olaryň arzyly isleglerine görä  sapaly we rahat dynç almagyny üpjün etmek -  biziñ ileri tutýan ugrumyzdyr. Biz muny myhmansöýerlik däbimiz we syýahatçylyk pudagyndaky köp ýyllyk oñyn tejribämiz arkaly kepillendirip bileris!