TARYH – HER OWURTDA: TÜRK KOFESINIŇ BÜTINDÜNÝÄ GÜNI
Türkiýäniň taryhy bilen tanyşmagyň iň gowy täriniñ biri, elbetde, türk kofesini datmakdyr. Bu hoşboý ysly we tagamly içgini taýýarlamagyň hem-de içmegiň özboluşly däpleri türk medeniýetinde aýratyn ýer tutýarlar, sebäbi olar türk kofesiniň ýerli ilat üçin näme üçin wajypdygyny açyp görkezýärler hem-de taryhy kökleri bilen tanyşdyrýarlar. Şonuň üçin her bir myhman ýa-da syýahatçy hökman türk kofesini dadyp görmeli.
2013-nji ýylda türk kofesi ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşuldy. Bu wakadan soň her ýyl, 5-nji dekabrda, Türk kofesiniň bütindünýä güni bellenilip başlandy. Ýene bellemeli zat, şu ýyl türk kofesi Ýewropa Bileleşiginde ilkinji “adaty önüm ady” hökmünde resmi taýdan hasaba alyndy. Şeýlelik bilen, bütin dünýäde türk kofesiniň medeni we taryhy orny ýene bir gezek ykrar edildi.
Hakyky türk kofesini nirede ıçip bolar? Gürrüňsiz, Türkiýede! Bu tagamly içgi türk däpleriniň taryhy, hususan-da milletiň myhmansöýerligi bilen tanyşdyrar. Megerem, bu ýakymly içgini bir gezek dadyp, siz Türkiýä ýene-de gelesiňiz geler.
Kyrk ýyllyk dostluk bir käse kofeden başlanýar
Türk kofesiniň taryhy 500 ýyldan hem geçýär. XVI-njy asyrda Ýemeniň üsti bilen Osman şadöwletine getirilen kofe bada-bat köpleriň göwnünden turýar. Yzysüre kofehanalar açylýar – indi adamlar hoşboý ysly kofeniň başynda gürrüň edip bilýärler. Soňra kofe içmek däbi kofehanalardan her öýe diýen ýaly ýetýär we ornaşýar. Bu içginiň uly meşhurlygyny aňan täjirler, kofe dänelerini daşary ýurtlara çykaryp başlaýarlar. Ýewropada kofe satuwy ýola goýulanyndan soň, yklymda kofe medeniýeti döreýär.
Täsin tagamyndan başga-da türk kofesi dostlary we ýakynlary birleşdirýän adat hökmünde bellidir. Birwagtlar kofeni diňe nahardan soň içer ekenler, emma soňra ony adaglama däbinde-de, döwletli maslahatlarda-da we dini baýramçylyklarda-da içip başlapdyrlar. Kofe içgisini hödürlemek – bu wagt düşünjesiniň çägine sygmaýan myhmansöýerligiň alamatydyr. Bu alamat nakylda hem berkidilen: “Kyrk ýyla çeken dostluk bir käse kofeden başlanýar”.
Ajaýyp tagamyň syry – demleniş usulynda
Türk kofesiniň aýratynlygy diňe bir adamlary birleşdirýändiginde däl, onuň düýp manysy – özboluşly, häzirki güne çenli mizemeýän däpdedir, ýagny kofeni taýynlamakdan başlap, ondan howlukman lezzet almakdadyr. Kofeniň taýýarlanyş gadymdan gelýän usuly Türkiýäniň aşpezlik däpleriniň biridir. Mazaly üwelen kofeni diňe kiçiräk jezwede sowuk suwa atyp we islege görä şeker goşup, köpükleýänçä demleýärler. Türkiýede “Nähili kofe halaýarsyňyz?” diýip soramaklary mümkin we islegiňize görä adaty, biraz şeker goşulan, ajyrak ýa-da süýji kofe demläp bererler.
Goýy löderesi we köpügi bilen belli bolan türk kofesiniň hödürlenişi hem üýtgeşikdir. Häzir köplenç kagyz gapda satylýan kofeden tapawutlylykda türk kofesi mydama farfor käsejikde içilýär. Ýany bilen arassa suw we lukum alynýar.
Özboluşly taýýarlanyş usuly we tagamy
Türkiýä gezelenjiň dowamynda kofeniň dürli görnüşlerini datmak mümkin. Egeý deňziniň kenarýakasynda ýerli nygmatdan, ýagny ýörite ösdürilýän mastik agajyndan alynýan sakgyçynyň ysy bolan kofeden lezzet alyp bilersiňiz. Gaziantepde bolsa ýerli pissäniň (Pistacia terebinthus) dänelerinden taýýarlanylan menengic kahvesi atly içgini dadyp bilersiňiz. Kofeniň bu görnüşi Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) geografiki görkezijisinde hem bellenilendir. Türkiýäniň gündogarynda ýerleşýän Şanlyurfa, Mardin we beýleki welaýatlardaky sebitlere mahsus däbe öwrülen bu içgini içmek isleseňiz, onda mirra atly ajy kofeni içip görüň.
Hoşboý ysly kofeni, elbetde, Türkiýäniň hemme ýerinde hem içmek mümkin. Bu gyzgyn içgiden gürrüň başynda, nahardan soň ýa-da türk süýjülikleri (pahlawa, lukum we ş.m.) bilen lezzet alyp bolýar. Kofe içileninden soň käsäniň düýbünde galan lödere tasseografiýa ady bilen belli bolan pal atyş üçin ulanylýar. Kofe löderesini synlap we geljegiňizi bilip, keýpiňizi sazlamagy unutmaň!


