KAPPADOKIÝA – JAHANKEŞDELERIŇ ARZYLY MEKANY

Häzirki wagtda ınternet torunda Kappadokiýada düşürilen howada gaýyp barýan uçuş şarly wideolar we suratlar uly meşhurlyga eŷe boldy.

Ilki bilen bellemeli zat, Kappadokiýa täsin gaýalary bilen meşhur. Emma olardan başga-da, bu sebit gowaklaryň içinde gurlan myhmanhanalary, ýerasty şäherleri we şular ýaly täsinlikleri beýiklikden synlamaga mümkinçilik berŷän uçuş şarlary bilen tanalŷar. 2024-nji ýylda Kappadokiýanyň muzeýlerine we taryhy ýerlerine aýlanmaga gelen myhmanlaryň sany 4,37 milliondan geçdi, uçuş şarlarynda gezelenç edenleriňki bolsa rekord görkezijä - 933 müňe barabar boldy.

Kappadokiýa diňe bir aklyňy haŷran edŷän tebigaty we arheologiki tapyndylary bilen bendi etmän, eŷsem, sebite mahsus dürli tagamlary bilen hem ŷerli ilatyň we jahankeşdeleriň arasynda meşhurlyga eŷedir. Kappadokiýanyň aşhanalyk medeniýeti Türkiýäniň, şol sanda Anatoliýanyň ilatynyň nahar taýýarlanyş däplerine esaslanýar. Ýaňy-ýakynda Kappadokiýanyň Mişleniň ýolgörkeziji kartasyna girizilmegi bilen ol ýokary aşhanalygyň muşdaklary üçin özüne çekiji ýere öwrüldi.

Kappadokiýa – datly tagamlaryň we täsirli tomaşalaryň sazlaşýan sebiti

Sebitiň esasy tagamlaryna testi kebap degişlidir. Onuň aŷratynlygy nämede? Siziň öňüňizde toýundan ýasalan golçajygy döwýärler we onuň içinde birnäçe sagatlap pes otda bişirilen et bilen gök önümler hödürlenýär. Ondan başga-da syýahatçylary ýene näme haýran galdyryp biler, elbetde, adaty tamdyr peçinde bişirilen birnäçe naharlar.

Kappadokiýanyň ýene bir belli tagamy – ady rowaýata öwrülen Kaýseri mantysy. Olar şeýle bir ownuk welin, bir çemçä 40 sanysy sygýar. Kaýseri mantysynyň ýany bilen ýogurt (gaŷmak) we goşundyly eredilen mesge hödür edilŷär. Mundan başga-da Kappadokiýada hökman dadyp görmeli tagamlary– Ürgüp çorba (tarhana), tamdyr çorba, et bilen kişdeden bişirilen buglama, üzüm şiresi, badam (mindal), kişmiş we nohut goşulyp taýýarlanan hoşboý ysly palow, içi dogralan goşundyly aýwa we ak noýba bilen etden taýýarlanan buglama. Süýji tagamlary halaýanlar bolsa ýagda demine bişirilen injirden, kädiden, üzümden taýýarlanan hem-de bal bilen gaýmak garylyp ýasalan süýjüliklerden, dolazdan (süýtden we ýumurtgadan taýýarlanan, üstüne bal guýulan tagam) we bu sebitiň meşhur tagamy – öýlenjek ýigide niýetlenen pahlawadan lezzet alyp bilereler.

Kappadokiýada üzümçiligiň we çakyr önümçiliginiň taryhy bu ýere ilkinji gelen hristian ruhanylary bilen bagly. Sebitiň güneşli howasy, wulkan zyňyndylaryndan baŷ bolan topragy üzümiň birnäçe görnüşlerini (Okuzgozu, Kalecik Karasy, Boğazkere, Narince) ýetişdirmäge hem-de Kappadokiýanyň minerallara baý Emir atly meşhur ak çakyryny taýýarlamaga aňrybaşy amatly şertleri döredýär.

Kappadokiýa – bu diňe bir suratlardaky owadan ýer däl, bu sebit taryhyň, medeniýetiň we aşhanalyk däpleriniň sazlaşŷan merkezidir. Şonuň üçin gezelenje gelen her myhman Kappadokiýada özüne ýarajak we göwnünden turjak bir zat hökman tapar.