Howpsuz Syýahatçylyk

«Howpsuz syýahatçylyk» – bu ýerli we daşary ýurtly myhmanlarymyzyň Türkiýäniň ıslendik howa menziline gelmeginden başlap, ýurduna dolanyp barýança ähli syýahatçylyk prosesini öz içine alýan ygtybarly syýahatçylyk düşünjesini aýdyñ görkezýän maksatnama bolup durýar. Türkiýe Respublikasynyñ degişli ministrlikleriniñ tabşyryklaryndan we görkezmelerinden ugur alyp işlenip düzülen «Howpsuz Syýahatçylyk» maksatnamasy bilen rahat we howpsuz syýahat edip bilersiñiz.

Şahadatnamaly desgalar ýedi esasy kategoriýa bölünýärler:

  • Myhmanhanalara ýerleşdirmek
  • İýmit üpjünçiligi
  • Medeniýet, Sungat we Kongres
  • Deñiz Syýahatçylygy
  • Dynç alyş seýilgähleri
  • Dag lyža asma ýollary
  • Syýahatçylyk gatnawlary üçin ulaglar

Degişli şahadatnamalar ministrlik tarapyndan ygtyýarlandyrylan halkara gözlegçilik kompaniýalary tarapyndan halkara ülñülere laýyklykda berilýär. 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başap 30-dan gowrak otagly hereket edýän ähli myhmanhanalaryñ şol şahadatnamany almagy zerur bolup durýar. Otag sany 30-dan az bolan desgalar muña degişli däldir.