TOMAŞAÇYLARYŇ GAÝYBANA SYÝAHATY BILEN TÜRK KINOTASLAMALARY HALKARA BAÝRAGA MYNASYP BOLDY
Häzirki zaman syýahatçylyk pudagynda adaty mahabat rolikleriň ýerini kem-kemden kinematografik hekaýaçylygy (“cinematic storytelling”) eýeleýär. Çeper beýanyň bu usuly tomaşaçylara diňe bir ýurda syýahat etmäge däl, eýsem, onuň milletiniň medeniýetine we durmuş ýörelgesine has çuňňur aralaşmaga mümkinçilik berýär. Bu çemeleşmäniň netijeliligi ýakynda abraýly “US International Awards 2026” bäsleşiginde dünýä derejesinde ykrar edildi.
25 ýurtdan 100-den gowrak gatnaşyjy gatnaşan bu bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda Türkiýäniň syýahatçylygy ösdürmek we wagyz etmek agentliginiň (TGA) wizual taslamalary bilermenleriň aýratyn ünsüni çekdi. TGA we “Turkish Airlines” awiakompaniýasy tarapyndan bilelikde döredilen “So Turkish, Go Turkish” atly mahabat filmi ýurtlary wagyz etmek kategoriýasynda kümüş baýraga mynasyp boldy. Şu ýyl bu bäsleşikde altyn medalyň berilmändigi sebäpli, bu iş hakykat ýüzünde iň ýokary baha eýe boldy.
Film Türkiýäni kartadaky ýöne bir geografiki bellik hökmünde däl-de, eýsem, üýtgeşik ýaşaýyş stiline eýe bolan ýurt hökmünde açyp görkezýär. Aýa-Sofiýanyň haýran galdyryjy keşpleri, Kappadokiýanyň asmanynda gaýýan howa şarlary we Egeý deňzi kenaryndaky oturyşyklary sebitiň hakyky, janly ýagdaýy bilen tomaşaçylary tanyş edýärler. Gysga wideo rolikler bilen birlikde, kinofilm ederejesinde düşürilen kiçi göwrümli seriallar hem sanly gurşawda adatdan daşary uly islegi görkezýär. Öň çykarylan bäş sany taslama bütin dünýäde 7,69 milliard mahabat görkezilişini we 4,4 milliarddan gowrak tomaşa toplady. Ýakynda bolsa döredijiler tomaşaçylara “Turquoise Summer” atly altynjy işini hödürlediler.
ABŞ-da geçirilen bäsleşikde Türkiýäniň ýene bir tanyşdyryş taslamasy – “Antalýadaky hilelik” (“Antalya Gambit”) serialy şäherleri wagyz etmek kategoriýasynda kümüş baýraga mynasyp boldy. Öz gezeginde, şu kategoriýa boýynça bellenen “Söýgim meniň, Stambul” (“İstanbul My Love”) serial Stambuly wakalaryň bolup geçýän ýerine däl-de, eýsem olara işjeň gatnaşyja öwürýär.
Şeýlelik bilen, belli bir ýurduň medeniýetini we durmuş ýörelgesini kinematografik hekaýalar arkaly beýan etmek we köpçülige ýetirmek, halkara syýahatçylyk bazarynda öňe gitmegiň iň netijeli usulyna öwrülýändigi jedelsizdir.



