JASTIN TIMBERLEÝK WE ROBBI WILÝAMS SIZE STAMBULDA GARAŞÝARLAR

Stambul – Türkiýäniň medeni we çeper döredijiligiň joş urýan paýtagty. Bu – gürrüňsiz hakykatdyr. Tomus pasly golaýlaşdygyça şäher tutuşlygyna açyk meýdandaky ägirt uly sahna öwrülip başlaýar. Bu ýyl iki yklymda ýerleşýän şäheriň sahnasynda dünýä belli ýyldyzlar – Jastin Timberleýk (iýul aýynyň 30-na) we Robbi Wilýams (7-nji oktýabrda) çykyş ederler.

Stambulyň medeni maksatnamasy diňe bir festiwallar we häzirki zaman sungat eserleriniň sergileri bilen çäklenmeýär. Olardan başgada dürli çäreler guralýar, olaryň esasysy – janly aýdym-saz konsertlerdir. Bular ýaly çärelerde dürli žanrlardaky – jaz, rok, estrada eserler hem-de türkleriň milli aýdym-sazlary ýerine ýetirilýär. Diňlemek üçin saýlamana zat örän köpdür, bu bolsa şäheriň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna ýatdan çykmajak ruhy lezzet almaga mümkinçilik berýär.

Şeýlelik bilen, Stambulyň täsiri, taryhy gözelligi we myhmansöýerligi janly saz eserleri bilen bileleşýär. Bu ýyl dünýä belli ýyldyzlar şäheriň haýsy ýerinde we haçan çykyş etmelidigini öňünden belleýärler we degişli taýýarlyk görýärler. Mundan başga-da belli artistleriň muşdaklary geljekki konsertlerden öň we soň şähere aýlanyp bilerler.

Jastin Timberleýk we Robbi Wilýams Stambuldaky muşdaklaryny haýran ederler

Stambulyň konsert meýdançalary dürli-dürlidir, emma olaryň her biriniň gurluşy we enjamlaşdyrylyşy ägirt uly dabaralary geçirmäge mümkinçilik berýär. Bu ýyl şäheriň sahnalarynda meşhur aýdymçylar – Jastin Timberleýk we Robbi Wilýams, çykyş ederler.

Elbetde iň garaşylýan çäreleriň biri – Jastin Timberleýkiň konsertidir. 2025 ýylda meşhur aýdymçy bütin dünýä aýlanyp, muşdaklaryny begendirmekçi. Onuň Türkiýedäki konserti 30-nji iýulda Stambulyň tehnologiki uniwersitetiniň stadionynda geçer. Bir giden aýdymlary bilen dünýä belli bolan Timberleýk tomaşaçylary üçin ýatdan çykmajak baýramçylyk gurar. Haýran galdyryjy çykyşlary we täsin ýerine ýetirijilik ukyby bilen meşhurlygy gazanan Jastin Timberleýk size Stambulyň sahnasynda garaşýar.

Şol sahnada 7-nji oktýabrda Robbi Wilýams çykyş eder. Beýik Britaniýaly meşhur estrada aýdymçysynyň gelerine Stambul gününi sanap garaşýar. Robbi Wilýamsyň Türkiýedäki çykyşy “Live 2025” bütindünýä konsertiniň çäklerinde geçiriler: dünýäniň birnäçe ýurtlarynda geçiriljek çykyşlar onuň “BRITPOP” atly täze eserler ýygyndylarynyň çykarylmagynyň öň ýanynda guralar. Robbi Wilýams Türkiýedäki muşdaklaryny birinji gezek begendirenok: aýdymçynyň ilkinji konserti Bodrumda geçdi, bu sapar bolsa ol Stambulda çykyş eder. Şäheriň sahnasyndan Robbi Wilýams muşdaklaryny nusgawy bolan hem-de täze eserler ýygyndylaryna girizilen aýdymlary bilen begendirer. Agşamky konsertiň dowamynda Robbi Wilýams täsirli sesi we zehini bilen unudylmajak ýatlamalar galdyrar.

Stambulda Jastin Timberleýkden we Robbi Wilýamsdan başga-da birnäçe artistler çykyş ederler. Şeýlelik bilen 2025-nji ýylyň tomus möwsümi ýatdan çykmajak wakalara baý bolar.

Konsertlere petek almagy ýatdan çykarmaň we bu täsin dabaralara gatnaşmaga howlugyň!

Petek satyn almak üçin:

Jastin Timberleýk: https://biletinial.com/en-tr/muzik/justin-timberlake

Robbi Wilýams: https://biletinial.com/en-tr/muzik/robbie-williams