PAHLAWA – DÜNÝÄNI ÖZÜNE BENDI EDEN TÜRKIÝÄNIŇ «DATLY DIPLOMATIÝASY»
Bütin dünýäde meşhur süýjülikleriň biri, elbetde, pahlawadyr. Türkiýede dörän bu datly tagama diňe süýjülik diýip bolmaýar, ol hakykatdan-da aşpezlik sungatynyň naýbaşy eseridir.
Pahlawanyň meşhurlygyny näme bilen delillendirip bolar? Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda, Ýewropada we Ýaponiýada türk konditerleriniň öňünde baldan taýýarlanan ýuwan şerbete batyrylan, üsti kitirdäp duran bu gatlakly süýjüligi ýörite almak üçin emele gelýän uzyn nobatlar onuň dünýä derejesindäki meşhurlygyna şaýatlyk edýär.
Emma hakyky pahlawany datmak isleseňiz, onda onuň dörän ýerine, ýagny Türkiýä, aýratyn hem 17 noýabrda geliň: her ýyl şol gün tutuş ýurtda Bütindünýä pahlawa güni bellenilýär.
Osmanlylaryň köşgünden dünýä ýaýran däp
Adatça, pahlawa kyrk sany hamyr gatlaklaryndan (ýufkadan) ybarat, her gatyň üstüne hoz ýa-da pisse owuntygyny bol sepilýär. Soňra taýyn huruşly gatlakly birnäçe wagt ýuwan şerbetde saklanýar. Asyrlar boýy pahlawa türk aşpezliginiň naýbaşy tagamlarynyň biri hasaplanylypdyr we häzir hem şeýle bolmagyna galýar. Bu süýjüligiň döreýşi ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen hamyry ýuka ýaýmak usuly bilen baglydyr. Hamyry bägüliň gülýapragy ýaly ýukajyk ýaýmak başarnygy Osmanlylaryň köşgündäki aşpezler iň aňrybaşy ussatlyk hasaplapdyrlar.
Häzirki wagtda Türkiýede pahlawa baýramçylyklarda we ähli şatlykly wakalarda hökman taýýarlanýar.
Pahlawanyň asyl mekany
Pahlawanyň iň gowusy, nusgalyk görnüşi elbetde, Anatoliýanyň günorta-gündogarynda ýerleşýän we gastronomiýa ugry boýunça ÝUNESKO-nyň Döredijilik şäherleriň toryna girýän Gaziantepde bişirilýär. Şeýle-hem bu ýerde taýýarlanylýan pahlawa Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) geografiki görkezijisini goşulan ilkinji türk önümidir.
Näme üçin Gaziantepiň pahlawasy beýlekilerden tapawutlanýar? Sebäbi pahlawa üçin hamyr elde örän ýuka ýaýylýar, diňe ýerli saryýag ulanylýar, onuň gatlaklaryň arasyna bolsa owradylan Antep pissesini gysganman örän bol sepýärler. Mundan başga-da, Gaziantepde pahlawa odunly peçde haýal bişirilýär. Ahyrynda daşy kitirdewük, içi ýumşak, aşgazana agyr düşmeýän aňrybaşy süýji tagam taýyn bolýar. Ony hökman dadyp görmeli.
Pahlawanyň köpdürliligi
Türkiýede pahlawanyň taýýarlanyşy we görnüşi welaýatdan welaýata tapawutlanýar. Mysal üçin, daşky görnüşi boýunça – havuç dilimi (käşir dilimi), midýe (balykgulak), bülbül ýuvasy (bilbiliň höwürtgesi). Pahlawa düzümi boýunça-da tapawutlanýar – şöbiýet (gaýmak goşulan pahlawa), sütlü nuriýe (şerbete derek süýt ulanylýar). Şeýle-de bu süýji tagam saklanyş usuly boýunça tapawutlanýar, meselem, uzak wagtlap kitirdewük galýan kuru baklava (gury pahlawa).
Soňky döwür täze tendesiýa peýda boldy – pahlawanyň sowuk, has ýeňil görnüşi.
Jemläp aýdanyň-da, pahlawa – dünýäde uly meşhurlyga eýe bolan Türkiýäniň medeni mirasynyň iň tagamly we lezzetli bir görünişidir diýip bolar.



