YKLYMLARY BIRLEŞDIRIP, KÖŇÜLLERI JOŞDURÝAN: STAMBUL – DYNÇ ALMAK ÜÇIN ÝEWROPANYŇ IŇ GOWY ŞÄHERLERINIŇ ARASYNDA
Iki yklymyň çatrygynda – Aziýanyň we Ýewropanyň duşuşýan ýerinde, lowurdaýan Bosfor bogazynyň ugrunda ýerleşýän Stambul meşhur binalary, baý aşhanasy we dynç almak üçin owadan ýerleri bilen jahankeşdeleri haýran galdyrmagyny dowam etdirýär.
2025-nji ýylyň dokuz aýynyň dowamynda eýýäm 13,5 million syýahatçyny kabul eden bu ajaýyp uly şäher bu ýyl gysga dynç alyş üçin Ýewropada iň gowy ugurlarynyň arasynda ýer alýar.
Sarp edijileriň hukuklaryny goramak boýunça abraýly Which? guramasy tarapyndan geçirilen pikir soralyşygyň netijesinde bu ýyl Stambul Ýewropanyň güýz dynç alyşlary üçin iň gowy bäş şäheriniň hataryna goşuldy.
Mundan başga-da, Condé Nast Traveller žurnalynyň okyjylary bu şäheri özleriniň abraýly Reader’s Choice Awards baýragynda maşgalaly dynç alyş üçin iň amatly ugurlarynyň biri hökmünde ykrar etdiler.
Stambulyň deňsiz-taýsyz mümkinçiliklerini göz öňünde tutanyňda, syýahatçylaryñ aglabasyny özüne bendi etmegi geň däl.
Ýakymly güýz günleriniň we okuw dynç alyş möwsüminiň başlanmagy bu ebedi şähere ýene bir gezek aýlanmak, ummasyz täsin duýgulary täzeden başdan geçirmek we netijede ýatdan çykmajak gysga dynç alyş üçin iň amatly pursatdyr.
Taryhyň ıki yklymdaky genji hazynasy
Ilki bilen, Stambul sözüň doly manysynda taryhyň we medeniýetiň möwç alýan ýeridir. Döwrebap häzirki zamany we däp-dessurlary kämil sazlaşykda birleşdirýän bu özüne çekiji şäher, müňýyllyklaryň dowamynda höküm süren imperiýalardan kemala gelen baý medeni mirasy bilen bellidir.
Medeni gurşawa aralaşmak üçin iň amatly ýer – ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Taryhy ýarymadadyr. Göýä diýersiñ bu ýerde wagt hereket etmegini peseldýän ýaly duýgular kalbyñy gaplaýar. Stambulyň esasy, meşhur dünýä binalary – Aýa-Sofiýa metjidi we Gök metjidi, Bazilika Sisternasy hem-de Topgapy köşgi – ýerleşýär.
Iki ädimlikde ýerleşýän Uly bazar we Müsür bazar (aşhanada ulanylýan ysly tagam beriji goşundylaryň satylýan ýeri) reňkleriň, yslaryň we sesleriň joşguny bilen gelýänleri haýran galdyrýar. Bu, asyrlar boýy gülläp ösen şäherde bady ýatmaýan söwda wagtyň täsir etmeýändiginiň beýanydyr.
Bosfordan döredijilikli häzirki zamana
Şäheriň taryhy merkezi bilen tanyşanyňyzdan soň, indiki günüňizi Bosfor bogazyny öwrenmäge we Stambulyň gülläp ösýän medeni we sungat sahnasyna bagyşlap bilersiňiz.
Bogazdaky gämi gezelenji, onuñ iki tarapynyň ugrunda-da uly şäheriň gaýnap-joşýan durmuşyny synlamaga, dünýäde iki yklymda ýerleşýän ýeke-täk şäherde bolmagyň jadysyny duýmaga mümkinçilik berer.
Güýz paslynda Bosforda ýerleşýän inçeden syratly kenarýaka jaýlar, tolkunlaryň üstünde gaýyp barýan çarlaklar we şäheriň suduryny emele getirýän metjitler, köşkler we diňler has hem owadan we adaty bolmadyk tarapdan synlamak bolýar.
Kenara düşeniňizde, şäheriň döredijilik dünýäsini her ädimde, ýagny Istiklal köçesinden tä Galataportyň maýyl ediji kenarýakasyna we Garagöýüň özboluşly medeni künjeklerine çenli duýarsyňyz: dar köçeleriň ugry kafelerden, muzeýlerden, sungat galereýalaryndan we kiçeňräk dükanlardan dolydyr.
Şäheriň çeperçilik ruhuny doly duýmak üçin İstanbul Modern muzeýine, Atatürkiň medeni merkezine, Arter we Meşher ýaly medeni ojaklara aýlanyp görüň.
Stambulda medeni çäreleriň möwsümi
Güýzde Stambulyň medeni durmuşy täze depginde ýaşaýar, sebäbi şäherde köp sanly çäreler guralýar.
Stambulyň Kino muzeýinde geçýän «Jeýms Kemeronyň sungaty» atly sergi dünýä belli režissýoryň 300-den gowrak eserini görkezýär. Şu ýylyň 27-nji sentýabrynda açylan sergi alty aýyň dowamynda myhmanlar üçin açyk bolar.
Ýene-de bir hökman barmaly medeni çäreleriň biri – meşhur suratçy Stiw MakKarriniň iň meşhur taslamalaryny käbirlerini görkezýän «Hyýaly Göz» (The Haunted Eye) atly sergisidir. Sergi Mimar Sinan adyndaky inçe sungatlar uniwersitetiniň Tophane-i Amire Medeniýet we çeperçilik merkezinde 30-njy noýabra çenli işini dowam eder.
Stambul Biýennalesi bu ýyl Kristin Tome tarapyndan guralýar. «Üç aýakly pişik» atly mowzuk bilen geçýän bu medeni çäre üç ýylyň dowamynda, 2025-nji ýyldan 2027-nji ýyla çenli dowam eder.
Mundan başga-da, dünýäniň iň abraýly «tehnologiki sungat» festiwallarynyň we platformalarynyň biri hökmünde ykrar edilen we 50 ýyla golaý Awstriýada geçirilip gelýän Ars Elektronika 21-28-nji oktýabr aralygynda sungat muşdaklaryny Zorlu ýerine ýetirijilik sungatlarynyň merkezinde garşy alýar.
Stambulyň medeniýet we sungat gaznasy tarapyndan guralýan 29-njy Stambul teatr sungatynyň festiwaly 20-nji oktýabrda şowhunly açyldy. 22-nji noýabra çenli geçirilýän festiwal Türkiýäniň we beýleki daşary ýurtlaryň wekilleriniň taýýarlan 16 sany teatr we tans eserlerini hödürleýär.
Köňül hoşlygy üçin datly tagamlar
Stambulda güýz dynç alyşyny lezzetli tagamsyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Şäherde garbanmaga ýa-da taryhy ýerlerde nahar başynda lezzet almaga ýer gaty kän.
Bu ýerde gündelik däp-dessura öwrülen, dürli naharlardan ybarat we ýany bilen, elbetde, simit we çigildem görnüşli bulgura guýulan gyzgyn çaý alynýan türk ertirliginden başlap, tä köçeleriň ugrunda taýýarlanylýan naharlara, mysal üçin, hoşboý ysly «kökereçe» (mazaly arassalanyp, gowrulan içegeler), «kümpire» (dürli goşundylar salnyp bişirilen ýeralma) we «midýe dolma» (içi garyndy bilen doldurylan midiýalar), çenli saýlap bolýar.
Ýerli nygmatlaryñ aýratynlyklaryny doly derejede dadyp görmek isleýänler üçin bolsa, Stambulyň Mişlen ýyldyzly restoranlary - Anatoliýa we halkara aşhanalarynyň tagamlaryny we aşpezlik usullaryny täzeçe açyp görkezer.


