GOTÜRKIYE TÄZE WE ÇEPER ESASY TAÝDAN ÖZBOLUŞLY «SÖÝGIM MENIŇ, STAMBUL» ATLY KIÇI GÖWRÜMLI SERIALY ÝAZGA GEÇIRDI

Göräýmäge yşk eserine meňzeş “Söýgim meniň, Stambul” serialdaky wakalar Türkiýäniň möhüm şäherleriniň merkezinde bolup geçýär. Bu ýerde işewürlik başagaýlygy we söýgi gatnaşyklary bilen sepleşýärler.

Serial Stambulyň belli taryhy hem-de şäheriň häzirki zaman ruhuny açyp görkezýän birnäçe ýerlerinde – Çarygan köşdünde, “Rixos Tersane Isanbul” myhmanhanasynda, Galataportda, Taksim meýdanyndaky Atatürkiň medeni merkezinde, Garagöý we Beýogly etraplarynda, Bosfor bogazynyň golaýynda – düşürilen. Şäheriň ruhyny we onuň gözel künjeklerini açyp görkezýän serialda iş üstünde dörän we soňra ykbalyň weýran eden söýgi taryhy beýan edilýär.

Stambul – durmuşyň mydama joşup duran şäheri. Iki ykbalyň garaşylmadyk üýtgeýşi.

Görmegeý we maksada okgunly ýaş zenan, Istanbul (Afra Saraçogly), agras, emma ökde telekeçä, Tana (Engin Akýürek), öz işläp düzen programma üpjünçiligi bilen tanyşdyrýar. Istanbulyň aýtmagyna görä, bu tehnologiki önüm emeli aňyň mümkinçilikleri bilen islendik durmuş, şol sanda şahsy, meseleleri çözmäge ukyply.

Aýdylanlary diňläp, Tan, öz gezeginde, programma üpjünçiligiň düzüjisi bilen jedel edýär: eger-de Istanbulyň taýýarlan önümi üç gezekde hakyky diýilýän söýgi bilen duşursa, onda Tan onuň kompaniýasyna maýa goýmaga taýýardygyny aýdýar.

Şeýlelik bilen jedel edildi. Emeli aňyň kömegi bilen Istanbul goýlan meseläniň çözgüdini tapmaga girişýär. Ilki bada tehnologiki synag hökmünde başlanan jedel, ýuwaş-ýuwaşdan jedelçiler üçin şahsy we duýgy mekanyna syýahata öwrülýär.

Tan bellenen duşuşyklara barýar, emma olaryň dowamynda özüne wajyp soragy berýär: aslynda hakyky söýgini emeli usullar bilen döredip bolarmy?

“Dass Yapım” mediýa kompaniýasynyň döreden we belli režissýoryň, Ozan Açyktanyň, düşüren “Söýgim meniň, Stambul” atly serialy on seriýadan ybarat. Her seriýanyň dowamlylygy üç minuta barabardyr. Baş rollary türk kinematografiýasynyň meşhur ýyldyzlary – Engin Akýürek we Afra Saraçogly – ýerine ýetirdiler. Olardan başga serialda birnäçe belli aktýorlar, Ýasemin Kaý Allen hem-de Ilaýda Akdogan, düşdüler. Serialdaky wakalar iki adamyň ykbala garşy gidende nämä uçraýandyklaryny görkezýär.

Belli bir derejede serial – Stambula bolan hormatyň ýüze çykmasydyr. Ony wakalaryň geçýän ýeri hökmünde saýlanylmagynyň sebäbi – Stambulda Türkiýäniň beýleki şäherlerine mahsus bolmadyk aýratynlyklar jemlenendir. Şeýlelik bilen şäheriň aýratynlyklary adamyň ýüregindäki gapma-garşylyklary has düşnükli we doly derejede açyp görkezmäge mümkinçilik berýär.

Her seriýanyň dowamynda şäherdäki hakyky durmuşy duýmak bolýar. Her seriýada aň bilen düzülen takyk yzygiderlik öz-özi emele gelýän bulam-bujarlyk bilen çaknyşýar. Gysgaça aýdanyňda, serialyň maksady – durmuşdaky iň wajyp tanyşlyk we gatnaşyk garaşylmadyk ýagdaýda döreýändigini görkezmekde.

“Söýgim meniň, Stambul” atly serial türk dilindedir (birnäçe daşary ýurt dillerine terjime edilen goşmaça tekst hem bar). Ol şu ýylyň 23 iýunynda YouTube web-serwisinde görkezilip başlanyldy.