KONÝA GAÝYBANA SYÝAHAT: HER BIR SYÝAHATÇYNYŇ HÖKMANY BARYP GÖRMELI TARYHY WE MEDENI ÝERLERINIŇ BÄŞLIGI

Anadoly — döwürleriň we biçak köp medeniýetleriñ özara arabaglanyşygyndan emele gelen siwilizasiýalarynyň ojagydyr. Türki dünýäsi üçin ruhy hazyna hasaplanýan bu sebitde dini ynanjyñ we filosofiýanyň baý mirasy saklanyp galypdyr. Hut şu ýerde yslam edebiýatynyň görnükli wekili bolan Möwlana Jelaleddin Rumynyñ edebi mirasy hem gorap saklanypdyr.

Eger-de ruhy taýdan kämilleşmek we taryhyň jümmüşine aralaşmak isleýän bolsaňyz, hökmany suratda Konýa baryp görmegi maslahat berýäris.

Mewlewi Sema dabarasy: Yşka çagyryş

Rumynyň dünýä ýüzünde mähir-muhabbeti wagyz edýän meşhur ýoly häzirki gün hem dünýäniň çar künjeginden ýüz müňlerçe syýahatçyny Konýa çekýär. Her ýylyñ 7–17-nji dekabry aralygynda akyldara bagyşlanan «Şeb-i Arus» (Gowuşma Gijesi) atly dabaralar geçirilýär.  Şahyryñ, jynazasynda aglap, perýat edilmezligini wesýet etmegi we ölen gününi Beýik Biribara gowuşma wagty hökmünde häsýetlendirmegi sebäpli şol günlerde akyldar gam-gussa bilen däl-de, şatlyk bilen ýatlanylýar. Şeýlelikde, ol 1273-nji ýylda 66 ýaşynda Konýada aradan çykýar we ahyrsoňy Allañ huzuryna barmak arzuwy hasyl bolýar.

Bu ýylky temasy - «Parahatçylyk wagty» diýlip atlandyrylan çäräniñ çäklerinde Mewlewi Sema (Aýlanýan Derwüşleriñ tans dessury) dabarasy geçirilýär. Bu dessur ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendir.

Rumy 25 müñ 700 beýtden ybarat «Mesnewi» atly alty tomluk ägirt uly eseri ýadygär galdyrypdyr.

Konýadaky iň gowy 5 sany taryhy-medeni ýerler

Konýa diňe bir ruhy merkez bolman, eýsem, Seljuklar döwrüniň we ondan irki siwilizasiýalaryň binagärlik keşbi saklanyp galan şäherdir.

  • Möwlana muzeýi: Bu ýerde Rumynyň durmuşy we taglymaty bilen ýakyndan tanyşmak bolýar. Şeýle hem bu ýerde sopynyň kenotafy we gadymy golýazmalary saklanýar.
  • Karataý medresesi (Häzirki Konýa daş muzeýi): XIII-nji asyr seljuk binagärliginiň ajaýyp nusgasydyr.
  • Çatalhöýük neolit ýaşaýyş ýeri: Dünýäniň iň gadymy ilatly ýerleriň biri bolup, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen siwilizasiýanyň gadymy köklerine aralaşmaga mümkinçilik berýär.
  • Duz köli: Şäherden biraz uzakda ýerleşýän täsin tebigy landşaft. Ýurduñ ikinji uly köli bolup, dürli görnüşli guşlary synlamak üçin ajaýyp ýerleriñ biridir.
  • Sille taryhy şäherçe: Irki hristian döwrüniň binagärliginiň saklanyp galan ýeri.

Konýanyň aşhanasy: Lezzetli tagamlar

Gezelençden soň bu sebitiň özboluşly tagamlaryny dadyp görmegi ýatdan çykarmañ.

  • Etli Çörek: Daş ýylmançasynda bişirilýän içi üwelen etli inçe ýaýylan hamyrdan taýýarlanan çörek.
  • Tirit: Peçde bişirilen çörek, buglanan uly bölek etler we sarymsakly gatyk bilen hödürlenýän gadymy tagam.