STAMBUL UEFA ÝEWROPA LIGASYNYŇ JEMLEÝJI OÝNUNA TAÝÝARLANÝAR
Stambul 20-nji maýda «Beşiktaş Park» stadionynda geçiriljek UEFA Ýewropa ligasynyň jemleýji duşuşygyna işjeň taýýarlyk görýär. Jemleýji oýunda Germaniýanyň «Fraýburg» we Angliýanyň «Aston Willa» toparlary duşuşar. Jemleýji oýny tomaşa etmäne dünýäniň dürli künjeklerinden janköýerleriň gelmegine garaşylýar. Bu waka şäheri uly janköýerleriň toplanan sport baýramçylygyna öwürer. Şunlukda, syýahaty diñe bir meýdançadaky 90 minut bilen çäklendirmän, eýsem, ony medeni açyşlar bilen utgaşdyrmak hem mümkindir.
Maý aýy Stambuly aýlanyp görmek üçin iň gowy aý hasaplanýar. Gülhane seýilgähindäki millionlarça al-elwan çigildemler, bagy-bossanlyklar bolsa şäheriñ görküne görk goşýar.
Myhmanlar futboldan başga-da, Stambulyň medeni mirasy bilen tanşyp bilerler. Esasy gözel ýerleriň arasynda Aýa-Sofiýa, Gök metjit, «Topkapy» köşgi we «Bazilika Sisternasy» bar. Balat we Fener etraplary, Bosfor boýunça gezelençler şeýle hem Şazada adalary hiç bir tomaşaçy-jahankeşdäni biperwaý goýmaz.
Hakyky türk hammamy dessury bilen tanyşmak üçin bolsa ýakynda durky täzelenen Zeýrek Çinili hammamyna baryp görüñ.
Şäher Grand bazardan we Müsür bazaryndan başlap, döwrebap söwda nokatlary bolan Nişantaşy hem-de Taksime çenli aralykda söwda etmek üçin giň mümkinçilikleri hödürleýär.
Mundan başga-da, Stambulyñ dürli görnüşli tagamlaryndan lezzet almagy ýatdan çykarmañ. Eminönü kenaryndaky meşhur balyk sendwiçlerinden (balık ekmek) başlap, Mişlen ýyldyzly restoranlardaky ajaýyp tagamlara baha berip bilersiniz.
UEFA Ýewropa ligasynyň final oýnunyň geçiriljek gününde Istiklal köçesi we Beşiktaş bazary janköýerleriň esasy ýygnanýan merkezlerine öwrüler.


