TÜRKMEN SYÝAHATÇYLYK AGENTLIKLERINIŇ WEKILLERI TÜRKIÝÄ SAPARLARYNDA RIZE WE ARTWINIÑ SYÝAHATÇYLYK MÜMKINÇILIKLERINI ÖWRENDILER
Türkiýäniň Syýahatçylygy ösdürmek we mahabatlandyrmak agentligi (TGA) 2026-njy ýylyñ 17–20-nji apreli aralygynda Türkmenistanyň dokuz sany öňdebaryjy syýahatçylyk kompaniýasynyň wekilleri üçin Rize we Artwin welaýatlaryna tanyşdyryş saparyny gurady. Saparyň esasy maksady — Gara deňziň kenarýaka sebitiniň özboluşly mümkinçilikleri bilen tanyşmak boldy. Bu sebit baý medeni däpleri we ajaýyp tebigaty bilen tanalýar.
Bu giň gerimli saparyñ dowamynda maksatnama gatnaşyjylar ýerli häkimlikleriň howandarlygynda Rize şäherinde geçirilen «Halkara Kaçkar syýahatçylyk sergisine» hem gatnaşdylar. Rize şäherinde türkmen hünärmenleri türk kärdeşleri bilen B2B görnüşindäki birnäçe netijeli iş duşuşyklary geçirdiler. Şol duşuşyklarda hyzmatdaşlygyň anyk ugurlaryny kesgitlemek we hyzmatdaşlygy ýola goýmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Saparyň maksatnamasy oña gatnaşyjylara sebitiň özboluşly atmosferasyna çuňňur aralaşmaga mümkinçilik berdi. Olar Rize we Artwin welaýatlarynyň iň gözel ýerleri bilen tanyşdylar. Hünärmenler «Rize bezi» (Feretiko), Zaýmoglu we Tekpi ýaly meşhur dokma ussahanalarynda elde dokalýan matalaryñ köp asyrlyk däpleri bilen tanyşdylar. Şeýle hem Çeçewa Haremtepe çaý plantasiýalarynyň gözelliginden lezzet aldylar.
Saparyň dowamynda türkmen hünärmenleri gadymy Zilkale galasyna, Şenýuwa obasyna, Fyrtyna jülgesine we Palowit şaglawugyna baryp gördüler, şeýle hem Artwiniň merjeni bolan belent daglarda ýerleşýän Borçka Karagöl kölüniň kenarynda gezelenç etdiler.
Maksatnama Fyrtyna we Çoruh derýalarynda rafting we gaýykly gezelençleri, şeýle hem ziplaýnda ekstremal böküşleri we dag gerişleriniň üstündäki ägirt uly hiňňildiklerde uçmagy öz içine aldy. Türkmen hünärmenleri ýokary derejeli hyzmatlary we ýörite konsepsiýalary hödürleýän şäher merkezlerindäki häzirki zaman myhmanhanalara we etraplardaky şypahana toplumlaryna hem aýlandylar.
Maksatnamanyň çäklerinde restoranlarda we kafelerde gündogar Gara deňiz sebitiniň özboluşly ýerli tagamlarynyň dadyp görülmegi hem guraldy.


