«TEKNOFEST-2026» ATLY HALKARA FESTIWAL ŞANLYURFADA GEÇIRILER
Türkiýäni diňe bir tehnologiýalary ulanýan däl, eýsem olary özbaşdak işläp düzýän ýurda öwürmek baradaky maksadymyzdan ugur alyp, biz Türk tehnologiki toparynyň gaznasynyň (T3 Foundation) hem-de Türkiýe Respublikasynyň Senagat we tehnologiýa ministrliginiň ýolbaşçylygynda Awiasiýa, kosmos we tehnologiýa festiwalyny (TEKNOFEST) guraýarys. Bu gezek Festiwal 2026-njy ýylyň 30-njy sentýabry – 4-nji oktýabry aralygynda Şanlyurfa şäherinde geçiriler.
Adamzat jemgyýetiniň iň gadymy oturymly ýerleriniň biri bolan bu üýtgeşik şäherde biz geçmişimizden alýan ylhamymyzy we ýaşlarymyza bolan ynamymyzy geljegiň tehnologiýalary bilen utgaşdyrarys.
Türkiýede milli tehnologiýalary ösdürmek işinde möhüm orun eýeleýän döwlet edaralarynyň, hususy pudagyň, ylmy jemgyýetçiligiň we jemgyýetçilik guramalarynyň hyzmatdaşlygynda geçirilýän TEKNOFEST awiasiýa, kosmosa we bu ugurlardaky tehnologiýalara bagyşlanan dünýäde iň uly festiwaldyr. 2018-nji ýylda uly hyjuw bilen äden şol ilkinji ädimimiz şu günki gün dürli çäreler arkaly jemgyýetiň ähli gatlaklarynda tehnologiýalara bolan gyzyklylanmany artdyrýan güýçli we durnukly ekoulgamy emele getirmäge mümkinçilik berdi.
Ýüz müňlerçe ýaşlaryň öz arzuwlaryny iş ýüzünde amala aşyryp bilmekleri üçin, biz TEKNOFEST-iň çäklerinde dürli ugurlar boýunça tehnologiki ýaryşlaryny guraýarys. Awiasiýadan kosmosa, emeli aňdan goranyş senagatyna, energetikadan oba hojalyk tehnologiýalaryna çenli giň gerimli ugurlarda ýaşlarymyzy döretmäge, täzeçilikleri işläp düzmäge we bilelikde üstünlik gazanmaga höweslendirýäris. Şunlukda, “Milli tehnologiki başlangyçdan” ugur alyp, biz Türkiýäniň tehnologiýalary öndürýän we ösdürýän jemgyýete öwrülmegine goşant goşmagy niýet edinýäris.
Şanlyurfada geçiriljek TEKNOFEST 2026 ýaşlary, telekeçileri we tehnologiýalar bilen meşgullanmaga höwes bildirýänleri umumy maksada ugrukdyrar. Festiwalyň çäklerinde guraljak tehnologiki bäsleşikleri, haýran galdyryjy awiaşowhunlar, asman giňişligindäki jisimler bilen tanyşdyrjak desga (planetariý), dürli ýagdaýlary islendik ýerde we şertlerde duýmaga (simulýasiýa) mümkinçilik berjek tejribe meýdançalary, ussatlyk sapaklary, sergiler, konsertler we sahna oýunlary ähli ýaşdaky gatnaşyjylara ýatdan çykmajak we ylham beriji täsirleri peşgeş berer!
TEKNOFEST 2025-de nämeler boldy?
2025-nji ýylda TEKNOFEST-yň topary öz taryhynda ilkinji gezek jemi üç sany aýry festiwaly, şol sanda birini daşary ýurtda gurnady: Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynda (DKTR), “Mawy Watan” (Mavi Vatan) konsepsiýasynyň çäginde we Stambulda. DKTR-da “TEKNOFEST” 2025-nji ýylyň 1–4-nji maýy aralygynda Erjan howa menzilinde; TEKNOFEST “Mawy Watan” 2025-nji ýylyň 28–31-nji awgusty aralygynda Stambulyň gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň serkerdeliginde; Stambulda bolsa TEKNOFEST 2025-nji ýylyň 17–21-nji sentýabry aralygynda Stambulyň Atatürk adyndaky howa menzilinde geçirildi. Bu festiwallaryň çäklerinde ylmyň, tehnologiýalaryň we innowasiýalaryň dünýäsini giň köpçülige açmak bilen, biz TEKNOFEST-yň ruhuny milli hem-de halkara derejesinde ýaýratdyk.
TEKNOFEST öz geçmişinden alýan ylhamy we ýaşlara bolan ynamy bilen “Milli tehnologiki başlangyjy” durmuşa geçirmek ugrunda ynamly öňe barýar.


