ZEÝTUNBURNU MOZAIKA MUZEÝI - STAMBULYŇ MEDENI MIRASYNYŇ BIR BÖLEGIDIR

Gadymy binalaryň içini bezeýän mozaikalar diňe bir estetiki serişdeleri däldir. Olar mifologik sýužetler bilen bir hatarda, geçmişiň daşda we reňklerde sözüň doly manysynda janlandyryp, öten döwürleriň jemgyýetçilik durmuşyna nazar aýlamaga üýtgeşik mümkinçilik döredýärler. Müňýyllyklaryň dowamynda köp sanly siwilizasiýalaryň meýdançasy bolan Türkiýe myhmanlary özüniň ajaýyp mozaika mirasy bilen garşylaýar: bu ýerde şol sungatyň dünýädäki iň kämil nusgalarynyň käbirleri jemlenendir, olar tutuş ýurt boýunça arheologik ýadygärlikleri dünýä ähmiýetli janly galereýalara öwürýärler. Indi bolsa bu täsin we ajaýyp mirasa Stambulyň hut kalbynda, şäheriň iň täze Zeýtunburnudaky mozaika muzeýinde göz ýetirip bilersiňiz. Muzeý şäheriň taryhy diwarlarynyň daşynda ýerleşýän iň uly mozaika meýdançalarynyň biri bolmak bilen, medeniýet söýüjiler üçin hakyky «dür dänedir».

Asyrlaryñ jümmüşinden boý alan miras

Öňki harby gospitalyň – häzirki wagtda bolsa Gazlyçeşme sungat merkeziniň taryhy binasynyň diwarlarynyň arasynda ýerleşýän Zeýtinburnudaky mozaika muzeýi Stambula gelýän ähli medeniýet söýüjiler üçin hökman barylmagy maslahat berilýän künjege öwrüldi. Sergide görkezilýän mozaikalar 2015-nji ýylda binanyň dikeldiş işleriniň dowamynda, ýer derejesinden takmynan 1,5 metr çuňlukda ýüze çykaryldy.

Mozaikalar ýüze çykarylan badyna, olary gorap saklamak we dikeltmek işlerini geçirmek üçin restawratorlaryň ygtyýaryna berildi. 2019-njy ýylda binanyň zeminini bezeýän geometrik nagyşlaryň onuň düýbünden hem daşa ýaýylyp gidýändigi baradaky çaklamalardan ugur alyp, Stambul arheologik muzeýleriniň ýolbaşçylygynda barlag gazuw-agtaryş işlerine başlandy. Geçirilen barlaglar diñe bir çaklamalary tassyklaman, eýsem, dünýä jemgyýetçiligine garaşylmadyk we möhüm bir tapyndyny – içinde iki adamyň galyndysy bolan ägirt uly mermer sarkofagy hem mälim etdi.

Häzirki wagtda Zeýtinburnudaky mozaika muzeýi – bu ajaýyp mozaikalaryň “in situ” (öz tapylan ýerinde) sergilenýän ajaýyp medeni giňişligidir. Bu ýagdaý gelýänlere mozaikalaryň asyl ýerleşişini we taryhy mazmunyny öwrenmäge mümkinçilik berýär. Şol bir wagtyň özünde bu ýerde geçmişiň beýleki köp sanly gyzykly tapyndylary açylmaga garaşyp dur.

Mozaikalara giňişleýin syn

Zeýtinburun etrabynda ýerleşýän, Osmanly döwrüne degişli we ussatlyk bilen dikeldilen gyzyl kerpiçli muzeý binasynyň içinde gelýänleri belentligi we täsinligi bilen haýran goýýan giň mozaika düşekleri garşylaýar. “Opus tessellatum” tehnikasynda ýerine ýetirilen hakyky mozaikalaryň hut üstünden geçýän aýna zeminden ýöräp, siz giçki Rim we irki Wizantiýa döwürleriniň sungatyna syn edip bilersiňiz.

B.e. IV–V asyrlaryna degişli bolan we hünärmenleriñ çaklamagyna görä, wagtynda ýerli kenarýakada ýerleşýän rim jaýlaryny bezeýän dürli reňkli mozaikalar nagyşlaryň köpdürlüligi bilen haýran galdyrýar: olar geometrik şekillerden we ýyldyzlardan başlap, çylşyrymly köpburçly kompozisiýalara hem-de gül nagyşlaryna çenli öz içine alýar. Bu nepis nagyşlaryň dünýäsine aralaşmak bilen, siz Stambulyň köpasyrlyk taryhynyň jümmüşine syýahat edip, geçmiş döwrüň aňrybaş estetik nusgalaryny we sýužetlerini özüňiz üçin açýarsyňyz. Her bir sapar bu ýere gaýta-gaýta dolanmaga mejbur edýän çuňňur täsir galdyrýar.

Diňe bir mozaika däl...

190 m2 meýdany tutýan haýrana goýujy mozaikalar bilen bir hatarda, Zeýtinburnudaky mozaika muzeýiniň arheologik tapyndylary hem uly täsir goýýar. Mermer sarkofag, kerpiçden gurlan gubur we bu gurluşlar bilen baglanyşykly tapyndylar – bular sizi biperwaý goýmajak we hökman haýran galdyrajak iň täsin eksponatlaryň biridir. Mundan başga-da, dürli asyrlara degişli bolan terrakota (bişen toýun) gaplary we teňňeler bu ýerlerde durmuşyň köp asyrlaryň dowamynda yzygiderli dowam edendigine şaýatlyk edýär.

Bu açyşlaryň özi aýratynlykda çuňňur täsir galdyrsa-da, Zeýtinburnudaky mozaika muzeýi ýönekeý bir arheologik desga däldir. Kitaphanasy, sergi zallary we beýleki jemgyýetçilik meýdançalary bolan bu muzeý sebitiň medeni durmuşyna täze galkynyş getiren köpugurly merkeze öwrüldi. Şonuň üçin mozaikalary we täsin eksponatlary synlanyňyzdan soň, toplumyň beýleki böleklerini öwrenmäge hökman wagt tapyň. Muzeý, duşenbeden başga, her gün sagat 10:00-dan 18:00-a çenli açykdyr.