TÜRKIÝÄNIÑ «MEDENIÝET ÝOLY» ATLY FESTIWALY ÇÄKLERINI GIŇELDÝÄR: MAKSATNAMA 26 ŞÄHERI ÖZ IÇINE ALÝAR
Türkiýe açyk asman astyndaky baý mazmunly festiwallar we çykyşlar bilen köpçüligiň ünsüni özüne çekmegi dowam etdirýär. Ýurduň iň iri taslamasy hem-de Ýewropa festiwallar assosiasiýasynyň (EFA) abraýly agzasy bolan «Medenıýet Ýoly» festiwaly şu ýyl 26 şäheri öz içine alyp, görlüp-eşidilmedik gerim bilen dolanyp gelýär. Birnäçe aýyň dowamynda geçiriljek bu çäreler ýurduň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna täsin medeni syýahata çykmaga hem-de Türkiýäniň taryhyna doly aralaşmaga mümkinçilik berer.
Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi tarapyndan guralan Türkiýäniň «Medenıýet Ýoly» atly festiwaly ilkinji gezek 2021-nji ýylda «Beýogly medeniýet ýoly» festiwalynyň çäklerinde geçirilipdi we şondan bäri uly meşhurlyk gazandy. 2025-nji ýyla çenli 180 gün dowam eden festiwal 20 şäherde geçirilip, onuň çäklerinde 50 müñ 400 sungat ışgäriniň gatnaşmagynda 9 müñ 645 çäre guraldy. 2026-njy ýylda bolsa festiwalyň taryhynda ıň uly maksatnamaly möwsüm bolmagyna garaşylýar. Şunlukda, onuň 234 gün dowam edip ýurduň 26 welaýatyny gurşap almagy meýilleşdirilýär.
2026-njy ýylyň meýilnamasyndaky sebitler: Şanlyurfa, Aýdyn, Mersin, Eskişehir, Manisa, Trabzon, Samsun, Bursa, Sakarýa, Wan, Konýa, Newşehir, Malatýa, Erzurum, Ordu, Çanakgala, Kaýseri, Kahramanmaraş, Ankara, Stambul, Gaziantep, Diýarbekir, Mardin, Izmir, Antalýa we Adana. 2026-njy ýylyň senenamasyna şu ýyl goşulan alty sany täze şäherler bolsa: Aýdyn, Eskişehir, Kahramanmaraş, Mersin, Ordu we Sakarýadyr.
Medeni mirasyñ dabaralanmagy
Festiwal bu ýyl 25-nji aprelde Şanlyurfada başlap 15-nji noýabrda Adanada tamamlanar. 26 şäheri öz içine alýan bütin ugur boýunça müňlerçe çäreler — konsertlerden we sergilerden başlap, teatr oýunlaryna, opera spektakllaryna, leksiýalara we ussatlyk sapaklaryna çenli — Türkiýäni birnäçe aýlap ägirt uly medeni meýdança öwürer.
Festiwalda çagalar üçin çärelere aýratyn üns berler. Dürli ussatlyk sapaklary, teatr çykyşlary, açyk asman astyndaky oýun meýdançalary we bilim maksatnamalary ýaş nesliň çagalykdan sungata bolan höwesi döremäge ýardam eder. Festiwalyň ähli çäreleri ýurduň ýerli mirasyna ünsi çekip, Türkiýäniň baý medeni köpdürlüligini äşgär eder.
Aşhana syýahatçylygy üns merkezinde
2026-njy ýylyň maksatnamasynyň ýene-de bir şüweleňli we tolgundyryjy wakasy täze aşhana başlangyçlarynyň ýola goýulmagy bolar. Festiwala gatnaşýan her bir şäheriň esasy aşpezlik aýratynlyklaryny kesgitlemek üçin bilermenler geňeşleri dörediler, bu bolsa sebitleriň özboluşly aşhana medeniýetiniň ýokary derejede görkezilmegine goşant goşar. Geňeşler her bir welaýatyñ ýerli tagamlaryny kesgitlemek bilen ýörite aşhana ugurlaryny işläp düzerler.
Mundan başga-da, her sebitde «şäheriň baş aşpezi» belleniler, onuň wezipesi çäreleriň maksatnamasyny içgin saýlap almak we ýerli aşpezlik mirasyny wagyz etmekden ybarat bolar. Şeýle guralan çemeleşme arkaly sebitleriň nahar bişirmek medeniýeti has bitewi we täsirli görkeziler, bu bolsa myhmanlara ussatlyk sapaklarynyň hem-de ýörite düzülen tagam ugurlarynyň üsti bilen bu gurşawa doly aralaşmaga şert döreder.
Festiwallaryň doly senenamasyny we goşmaça maglumatlary Culture Route Festivals resmi sahypasyndan ýa-da taslamanyň ınstagramdaky @turkiye_kulturyolu sahypasyndan tapyp bilersiňiz.
Çäkleri giňeltmek
Türkiýäniň «Medenıýet Ýoly» festiwallary dünýäde iň yzygiderli medeni we çeperçilik çäreleriniň biri hökmünde tanalýar. Anadolynyñ baý gadymy medeni mirasyny esas edinýän bu festiwallar wagtyň geçmegi bilen ýurduň ähli sebitlerini gurşap almalydyr. Geljege nazar salanyňda, 2027-nji ýyla çenli festiwalyň geografiyasyny Balikesir, Denizli, Hataý, Kojaeli, Mugla we Tekirdag ýaly welaýatlary goşmagyň hasabyna 32 şähere çenli giňeltmek meýilleşdirilýär.
2026-nji ýylda geçirilýän «Medeniýet Ýoly» atly festiwallaryñ senenamasy:
- Şanlyurfa: 25 aprel – 3 maý
- Aýdyn: 2–10 maý
- Mersin: 9–17 maý
- Eskişehir: 16–24 maý
- Manisa: 30 maý – 7 iýun
- Trabzon: 6–14 iýun
- Samsun: 20–28 iýun
- Bursa: 27 iýun – 5 iýul
- Sakarýa: 4–12 iýul
- Wan: 11–19 iýul
- Konýa: 18–26 iýul
- Newşehir: 1–9 awgust
- Malatýa: 8–16 awgust
- Erzurum: 15–23 awgust
- Ordu: 22–30 awgust
- Çanakkale: 29 awgust – 6 sentýabr
- Kaýseri: 5–13 sentýabr
- Kahramanmaraş: 12–20 sentýabr
- Ankara: 19–27 sentýabr
- Stambul: 26 sentýabr – 4 oktýabr
- Gaziantep: 3–11 oktýabr
- Diýarbekir: 10–18 oktýabr
- Mardin: 17–25 oktýabr
- Izmir: 24 oktýabr – 1 noýabr
- Antalýa: 31 oktýabr – 8 noýabr
- Adana 7-15 noýabr


