TÜRKIÝE – GEPLEŞIKLERIÑ WE GIŇ GERIMLI ÇÄRELERIŇ GEÇIRILÝÄN MEKANY
Häzirki wagtda Türkiýe gepleşikler geçirmek üçin amatly bolan halkara ülňülere laýyk gelýän merkezleri, geografik taýdan amatly ýerleşişi we myhmansöýerligi bilen mejlisleriñ, ylmy maslahatlaryñ şeýle hem sergileriñ (MICE) guralmagy boýunça özüni global lider hökmünde görkezdi. Stambulda soňky iki onýyllygyň dowamynda geçirilen ýokary derejeli giñ gerimli çäreler onuñ halkara abraýyny has-da ýokarlandyrdy. Döwrebap kongres merkezleri, birinji derejeli hyzmaty hödürleýän myhmanhanalary we şäheriñ ösdürilmegini maksat edinýän innowasion taslamalary bilen Türkiýe bu ugurdaky öňdebaryjy ornuny pugtalandyrmaga dowam edýär.
Stambuly bütindünýä kongres meýdançasy derejesine çykarmak üçin täze hyzmatdaşlyk ugurlary
Stambul, döwlet şeýle hem hususy pudaklaryň arasynda alyp barýan hyzmatdaşlygy bilen dünýäniň öňdebaryjy kongres merkezleriniň biri hökmünde eýeleýän ornuny berkitmek ugrunda ynamly ädimler ädýär. Tender prosesini añsatlaşdyrmak, wekilleriñ gatnaşygyny ýokarlandyrmak we halkara kongresler boýunça hemmetaraplaýyn goldaw bukjalaryny işläp taýýarlamak üçin türk mejlisler we çäreler pudagyndan esasy gyzyklanma bildirýän taraplary bir ýere jemlemek arkaly täze strategiki hyzmatdaşlyga badalga berildi.
Şunlukda, Türkiýäniñ Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi, Syýahatçylygy mahabatlandyryş we özgerdiş Agentligi (TGA), Stambul şäher häkimligi, Stambul Söwda Palatasy, Stambul Kongresler we myhmanlar edarasy (ICVB), Turkish Airlines-howa ýollary, Pegasus – howa ýollary, Türkiýe Myhmanhanalar birleşigi (TUROB) şeýle hem Stambulyñ iki sany uly howa menzilleri bolan İGA Stambul howa menzili we Sabiha Gökçen howa menzili (SAW) bu başlangyja ýolbaşçylyk edýärler.
Ýokarda bellenip geçilen edaralaryñ birleşen tagallalary bilen Stambul, kongres syýahatçylygynda toplumlaýyn çemeleşmäni ýola goýýar. Bu bolsa kongresiň paýtagty hasaplanýan Stambul üçin täze eýýamyň başlangyjy bolup durýar.
Näme üçin Stambul?
Stambul - asyrlar boýy häkimiýetiň, ylymyñ şeýle hem söwdanyň merkezi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, siwilizasiýalaryň integrasiýasyýasyny we ösüş ýoluny kesgitlemegi başardy. Iki yklymy birleşdirýän bu şäher häzirki wagtda işewürlik, ylym-bilim, tehnologiýa we medeniýet ulgamlarynda uly ösüşlere eýe bolan durnukly ekosistemany hödürlemek bien, halkara kongresleriñ we çäreleriñ merkezi hökmünde öňdebaryjylygyny dowam etdirýär. Ýokary derejeli maslahataryñ geçirilmegi üçin şäherde bina edilen ýörite kongres merkezleri, bäş ýyldyzly kaşañ myhmanhanalary we añsatlyk bilen baryp bilmek mümkinçiligi ýaly aýratynlyklary ony giñ gerimli çäreleriñ geçirilýän mekanyna öwürýär.
Iki halkara howa menzilleri bolan - İGA Stambul howa menzili bilen Sabiha Gökçen howa menzillerine amala aşyrylýan 560-dan gowrak göni howa gatnawlary arkaly Stambul, dünýäniň ähli künjeginden wekilleriñ şähere bökdençsiz gelmegini üpjün edýär. Bu bolsa halkara çärelere gatnaşygy ýeñilleşdirýär.
Şäher mundan başga-da Stambulyñ 60-dan gowrak uniwersitetleri, öňdebaryjy ylmy-barlag edaralary we dünýä belli alymlary şäheriñ at-owazasyny dünýä ýaýýar.
Telekeçiligi, innowasiýalary şeýle hem ylmy açyşlary goldaýan eko sistemasy, dünýä belli lukmançylyk edaralary we hassahanalary bolsa, ony bu ugurda ylmy maslahatlaryñ geçirilýän we tejribeleriñ alyşylýan merkezine öwürýär.