TÜRKIÝE SYÝAHATÇYLYK PUDAGY BOÝUNÇA 2026-NJY ÝYLYŇ BIRINJI ÇÄRÝEGINI REKORD GÖRKEZIJILER BILEN JEMLEDI

Türkiýäniň syýahatçylyk pudagy depginli ösüşini dowam etdirýär. Ýurduň Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň hasabatyna görä, şu ýylyň ilkinji üç aýynda pudak täze taryhy sepgitlere ýetip, dünýäniň öňdebaryjy syýahatçylyk merkezleriniň biri hökmündäki ornuny ýene bir gezek tassyklady.

Resmi maglumatlara görä, ýylyň birinji çärýeginde Türkiýä gelen jahankeşdeleriñ sany 4,2 göterim ýokarlanyp, 9,2 milliona ýetdi. Syýahatçylyk pudagynyň ýurda getiren girdejisi bolsa 9,9 milliard ABŞ dollaryna barabar boldy. Dünýäde dowam edýän geosyýasy dartgynlyklara garamazdan, Türkiýäniň alyp barýan syýahatçylyk  strategiýasy ýokary durnuklylygyny görkezdi.

Türkiýe 2025-nji ýylda 64 million syýahatçyny kabul edip, 65,2 milliard dollar girdeji gazanan bolsa-da, şu ýylyň birinji çärýeginiň netijeleri ýurduň bu strategik sepgidi gorap saklamaga ukyplydygyna şaýatlyk edýär.

Iň möhüm statistik görkezijileriň biri syýahatçylaryň ortaça bir gijelik sarp eden çykdajylarynyň ösüşidir. Bu görkeziji 2017-nji ýylda 68 dollara, 2025-nji ýylda bolsa 99 dollara deň bolan bolsa, 2026-njy ýylyň birinji çärýeginde 102 dollara çenli ýokarlandy. Muňa pudagyň ýokary girdejili segmente geçmek strategiýasynyň netijesi hökmünde görülýär. Hasabat döwründe syýahatçylaryň esasy akymyny Germaniýa, Russiýa we Bolgariýa düzdi. Bu ýurtlardan degişlilikde 678 müň, 651 müň we 539 müň syýahatçy geldi.

Mundan başga-da, Stambulda UEFA Ýewropa ligasynyň finalynyň geçirilmegi we «Formula-1» ýaryşlaryny 2027-nji ýylda ýene-de senenama gaýtaryp getirmek baradaky meýilnamalar ýaly çäreler syýahatçylaryň akymynyň diwersifikasiýasyna we ýurduň halkara abraýynyň ýokarylanmagyna goşant goşýar.

Häzirki wagtda Türkiýe bazaryň islegini we sarp edijileriň özüni alyp barşyny ýakyndan gözegçilik edip, her bir sebit üçin aýratyn iş meýilnamalaryny durmuşa geçirýär.