TÜRK ERTİRLİGİ

Günüñ iň esasy iýmiti bolan ertirlik nahary Türkiýäniñ gastronomiýa medeniyetinde möhüm ähmiýete eýedir. Indi bolsa, ýurduñ sebitlerine görä tapawutlanýan ertirlikleriñ käbirine gysgaça ser salalyň.

Türk ertirligi diýlende ilki bilen dürli görnüşli peýnirler göz öňüňe gelýär. Peýnirlerden daşary dürli-dümen naz-nygmatdan doly ýazylan saçaklary ýurduň Marmara, Egeý we Demirgazyk Ege sebitleriniñ ýaşyl we gara zeýtunlary, ter hyýar-pomidorlary, burç we gök önümleri, şeýle hem ballary, mürepbeleri we gaýmaklary ​​bezeýär. Mundan başga-da, tamdyrdan ýaňy çykan kibirdäp duran çöregiñ we simitleriñ ýany bilen gyzgyn türk çaýy hödür edilýär. Türk ertirliginiñ möhüm bölegi bolup durýan ýumurtga gaýnadylan görnüşinde şeýle-de köplenç pomidor we süýji burç bilen taýýarlanýan heýgenek (menemen) görnüşinde bişirilýär. Ertirlik naharyndan soň bolsa iýmit siňdirişine kömek etmek üçin bir çaşka türk kofesi hödürlenýär.

Egeý, Gara deňiz, Wan we Gaziantepe mahsus bolan türk ertirlikleri

Türkiýäniň Egeý sebitiniň ertirligi ter gök-bakja önümleri we lezzetli zeýtunlary ýaly saglykly we ýeňil tagamlary bilen tapawutlanýar. Mele-myssyk çörek, Bergama obasynda öndürilýän tulum peýniri, erikden, ýer tudanasyndan, tutdan, güllerden, sitruslardan, injirden, aýwadan, badamjandan, nardan, otlardan, hozdan we hat-da mandarin gabyklaryndan taýýarlanýan mürepbeler, elin dorog bilen möwsüminde ýetişýän otlardan edilýän bulamak ýa-da gökli çörek egeýlileriñ ertirlik saçagynda hökmany bolmaly nygmatlar bolup durýar. 

Gara deňiz sebitindäki ertirlik naharlarynda hödür edilýän duzlanan noýba (fasol), mekgejöwen çöregi, gökli blinçik we lazlylaryñ ýukajyk ýaýyp bişirýän pirogy ýaly tagamlar günüñ ajaýyp başlangyç çeşmesi bolup  hyzmat edýär. Garadeñizlileriñ ertirligi diýlende, oýuña muhlama ýa-da myhlama diýlip atlandyrylýan guýmak gelýär. Trabzon aşhanasynyň ertirlik naharynda esasy tagamlarynyň biri hem guýmak bişirmekdir. Ol mekgejöwen ununyñ mesge bilen gowurylmagy, şeyle hem ýerli peýniriñ goşulmagy arkaly taýýarlanýar. Şeýle hem, Wakfykebir (daş peçlerde tegelek görnüşde bişirilýän hamyrmaýaly uly çörek)  çöregine ýerli mesgeden çalyp, üstüne 400-den gowrak ösümlikleriň gülünden ýygnalan anzer balyny goşup, ertirligiñ lezzetini has-da artdyrmak mümkin.

Gastronomiýa pudagy boýunça UNESCO-nyň Şäherleriň döredijilik toryna girizilen Gaziantepiñ ertirligi beýran diýlip atlandyrylýan süñk çorbasy, nohut dolamasy, jartlak (guzy bagryndan) kebaby, sahan gaýmagy,  muhammara (burç, hoz we dürli huruşlardan taýýarlanýan işdäaçar), noýba we yumurtgaly işdäaçar we katmer ýaly naz-nygmatlary bilen tapawutlanýar.

Türk ertirlikleriniň arasynda mynasyp orna eýe bolan Gündogaryň merjeni hasaplanýan Wan şäherinde ertirlik naharynda otly peýnir, hamyryna un, ýag, tmin, bal goşulyp ýugrulýan wan çöregi, ýumurtga, un we ýagdan bişirilýän murtuga tagamy şeyle hem kawut atly halwasy hödür-kerem edilýär.