TEKNOFEST-2026 HALKARA FESTIWALYNA KABUL EDIŞLIK BAŞLADY
Tehnologiýa pudagy boýunça dünýäniň iň iri ýaryşlarynyñ biri bolan TEKNOFEST-iñ çäklerinde şu ýyl 52 sany esasy bäsleşik, şeýle hem goşmaça ugurlar boýunça 127 sany bäsleşikler geçiriler. Tehnologiýa ýaryşlary arkaly arzuwlaryny amala aşyrmak, özboluşly taslamalary bilen üstünlik gazanmak isleýän ýaşlar üçin netijeli meýdança öwrülen TEKNOFEST, özüniñ dokuzynjy ýylynda ılkinji tapgyrdan geçen toparlara 100 million türk lirasyndan gowrak maddy goldaw, ýeňiji bolan toparlara bolsa 75 million liradan gowrak baýrak garaşýar.
«TEKNOFEST 2026»-da raketa işläp taýýarlamak, hemra tehnologiýalarynda modelirleme usullary, awtonom ulaglar üçin robototehnika, şol sanda TEKNOFEST hünär başarnyklary bäsleşigi, blokçeýn, howa goranyş ulgamlary, maliýe tehnologiýalary we pilotsyz deňiz ulaglary ýaly ýaşlaryň ünsüni özüne çekýän 52 sany dürli ugurlar boýunça bäsleşikler geçiriler. Geçen ýyldakydan tapawutlylykda bu ýyl ilkinji gezek TEKNOFEST dag magdan tehnologiýalary, elektron söweş, öňdebaryjy awtonom ulgamlaryñ dizaýny we işleýşi şeýle hem FPV dron yzarlaýyş (tracking) ýaryşlaryna ýüz tutmalar kabul edilýär.
Geljegi uly ugurlara bagyşlanan bäsleşige başlangyç synp okuwçylardan başlap ýokary synp okuwçylary, bakalawr, magistr, aspirantura we doktorantura boýunça bilim alýan talyp ýaşlar ýüz tutup bilerler. Ýaryşlaryñ geçiriliş tertibi, möhleti we düzgünleri barada has giňişleŷin maglumat üçin www.teknofest.org web sahypasynda tanşyp bilersiňiz.
Gatnaşmaga ısleg bildirýänler üçin ýüz tutmagyñ soňky möhleti: 2026-njy ýylyň 20-nji fewraly!
Arzuwlaryñy amala aşyrýan «TEKNOFEST 2026» tehnologiýa ýaryşyna gatnaşyp, ynamly gadamlar bilen öñe git!


