TEKNOFEST-2025 HALKARA FESTIWALYNA KABUL EDIŞLIK DOWAM EDÝÄR
Awiasiýa, kosmos we tehnologiýa boýunça dünýäniñ iñ iri bäsleşikleriniñ biri bolan TEKNOFEST festiwaly gerimini giňeldýär we 2025-nji ýylyň tehnologiýa ýaryşlaryny yglan edýär! Nobatdaky festiwal ýaş zehinleri geljegiň tehnologiýalaryny döretmäge çagyrýar. Bäsleşigiň pul baýragy 45 million türk lirasy bolup, maddy goldaw baýragy bolsa 75 milliondan gowrak türk lirasy möçberinde teklip edilýär. Ýüz tutmalaryñ kabul edişligi 2025-nji ýylyň 15-nji martyna çenli dowam eder.
Türkiýäniñ Tehnologiýa topary gaznasy (T3 gaznasy) şeýle hem Türkiýe Respublikasynyň Senagat we Tehnologiýa ministrliginiň ýolbaşçylygynda geçiriljek TEKNOFEST 2025-nji ýylda tehnologiýa pudagyndaky muşdaklaryny Stambul şäherinde jemlemegi meýilleşdirýär! Festiwal her ýyl täzelenýän dürli bäsleşikleri bilen ýaş zehinleriñ ruhlaryny galkyndyrýar. TEKNOFEST-iñ şu ýylky ýaryşlary 53 sany esasy ugur boýunça we 125 sany goşmaça kategoriýada guralar.
TEKNOFEST-iň esasy maksady – öňdebaryjy tehnologiýa kompaniýalaryň möhüm gazananlaryny görkezmek, pudagy ösdürmek hem-de geljegiň tehnologiýalaryny döredýän ýaşlary goldamak bolup durýar.
Festiwalyň geçiriljek döwründe ýaryşlar “Raketalaryň bäsleşigi”, “Hemra modelleriň bäsleşigi”, “Uçarmansyz uçýan enjamlaryň bäsleşigi”, “Howa hüjüminden goranyş ulgamlarynyň bäsleşigi”, “Awiasiýada emeli aň bäsleşigi”, “Bökdençsiz ýaşaýyş tehnologiýalaryň bäsleşigi”, “Blokçeýn bäsleşigi” ýaly 53 ugur boýunça geçirilip, olar ýaşlara özüniň innowasiýa taslamalaryny amala aşyrmak üçin ajaýyp mümkinçilik berer.
TEKNOFEST-yň suwasty raketalar bäsleşigi, uçarmansyz ýerüsti ulag serişdeleriniň bäsleşigi, halkara çagalaryň ylmy bäsleşigi, onkologiýada 3T bäsleşigi, 5G ýerleşdirme hem-de binagärlik we wizual dizaýn bäsleşikleri innowasiýalar bilen gyzyklanýanlar üçin täze gözýetimleri açmaga itergi bolar.
Stambulda ştab-kwartirasy bolan Mermer deňziniň dürli künjeklerinde geçiriljek ýaryşlar gatnaşyjylara tehnologiýa pudagynda ýatdan çykmajak duýgulary peşgeş berer!
Gatnaşmagyň tertibi we has giňişleýin maglumatlar üçin www.teknofest.org sahypasyna girip bilersiñiz.