MICHELIN-IÑ 2026-NJY ÝYL ÜÇIN ASPEZLIK GOLLANMASYNA GIRIZILEN TÜRKIÝÄNIÑ RESTORANLARY
MICHELIN-iñ 2026-njy ýyla bagyşlanan aşpezlik boýunça gollanmasy, Türkiýäniň aşpezlik sungatynyň özgerendigini tassyklaýan, şeýle hem ilkinji gezek Kappadokiýa sebitini öz içine alýan täze, gerimi ep-esli giňelen restoranlar ýygyndysyny hödürledi. Bu sanaw Stambul, Izmir, Mugla we Kappadokiýany birleşdirip, türk aşhana sungatynyň baý we köpdürlüligini görkezýär.
Agzalan gollanma 2026-njy ýylda Türkiýe boýunça jemi 54 sany täze restoran girizildi. MICHELIN geljek ýyldan başlap, Türkiýäniň tutuş çägini gurşap alýan milli saýlamanyň ilkinji gezek hödürlenjekdigini mälim etdi.
Esasy baýraklar we sylaglar
Iki MICHELIN ýyldyzy:
Öň bir ýyldyza eýe bolan Izmirdäki Vino Locale restorany iki MICHELIN ýyldyzyna mynasyp boldy. Ol Izmirde bu derejeli ilkinji restoran boldy.
Bir MICHELIN ýyldyzly täze restoranlar:
- Revithia (Kappadokiýa) — sebitdäki gadymy tagam taýýarlaýyş usullaryny täzeden janlandyran ilkinji ýyldyzly restoran.
- Araf (Stambul) — açyk otda taýýarlanylýan arassa türk tagamlaryna ünsi jemleýän restoran.
- Mezra Yalıkavak (Mugla) — gorag astyndaky ýerli önümleri we gadymy taýýarlaýyş usullaryny ulanýan restoran.
Şeýlelikde, bir sany MICHELIN ýyldyzyna eýe bolan restoranlaryň umumy sany 15-e ýetdi.
Inspektorlar tarapyndan myhmansöýer Kappadokiýadan sanawa 18 sany restoranyñ goşulmagy şatlykly wakalaryñ biri boldy. Hünärmenleriñ belleýşine görä, bu ýerde däp-dessurlara we terroýra uly ähmiýet berilýär. Bu aýratynlyklar ýerli aşhanada hem öz beýanyny tapýar.
Bib Gourmand: Elýeterli bahadan ýokary hilli naharlary hödürleýän 16 sany täze restoran sanawa goşuldy.
Green Star: Durnukly ösüş ýörelgelerine ygrarlylygy üçin dört restoran «MICHELIN Green» ýyldyzynyñ eýesi boldy.
Gysgaça aýdanymyzda, MICHELIN Selected saýlamasyna 38 sany täze restoran goşuldy we bellige alnanlaryň umumy sany 115-e ýetdi. Inspektorlar türk aşhana sungatynyň esasy aýratynlyklary hökmünde, asyl nusga bolan ygrarlylygy, myhmansöýerligi we däp-dessurlara hormaty bellediler.
Michelin innowasion kompozit materiallaryny öndürmekde we täsin tejribeleri hödürlemekde dünýä lideridir. Kompaniýa 130 ýyldan gowrak wagt bäri inžener materiallary ulgamynda öňdebaryjylaryñ biridir. Merkez edarasy Fransiýanyň Klermon-Ferran şäherinde ýerleşýän Michelin kompaniýasy dünýäniň 175 ýurdunda wekilçilik edýär we onda 129 800 işgär zahmet çekýär. (www.michelin.com).


