MICHELIN-IÑ 2025-NJI ÝYL ÜÇIN ASPEZLIK GOLLANMASYNA GIRIZILEN TÜRKIÝÄNIÑ STAMBUL, IZMIR WE MUGLA WELAÝATLARYNDAKY RESTORANLARY
PRESS-RELIZ
2024-nji ýylyñ 5-nji dekabry - Pariž
MICHELIN-iñ aşpezlik boýunça gollanmasy –2025-nji ýyl üçin Türkiýäniñ Stambul, Izmir we Mugla welaýatlaryndaky restoran görkezmelerini mälim etmekden hoşallyk duýýar.
Stambulda ýerleşýän “Four Seasons Bosphorus” myhmanhanasynda geçirilen dabarada agzalan gollanma, 2025-nji ýylda Türkiýe boýunça 32 sany täze restoranyñ sanawa girizendigini haber berdi. Şeýlelik-de, Türkiýede maslahat berilýän restoranlaryñ umumy sany 132-ä baryp ýetdi. Olaryñ 77 sanysy Stambuldaky restoranlar, 24 sanysy Izmirdäki restoranlar we 31 sanysy bolsa Mugladaky restoranlar bolup durýar.
Şu ýyl täze goşulan restoranlaryň arasynda 2 sanysy «1 MICHELIN», 8 sanysy «Bib Gourmand» ýyldyzy we eco jogapkärçiligine ygrarlylygy bilen 6 sanysy «MICHELIN Green» ýyldyzy bilen sylaglandy. Seýle hem, geçen ýyl maslahat berilen restoranlaryñ biri bolsa şu ýyl «Bib Gourmand» ýyldyzyna mynasyp görüldi.
«Şu ýyl gözegçilerimiz ýene bir gezek türk aşpezliginiñ köpdürliligine we özboluşlylygyna haýran galdylar. Ýerli aşpezleriñ ussatlygy, olaryñ gastronomiýa pudagyndagy ajaýyp başlangyçlary we ýerli aşpezlik däplerini janlandyrmak üçin görkezýän döredijilik ukyp- başarnyklary bilen tapawutlanýan Stambul, Izmir we Mugla şäherleri özlerini hakyky gastronomikanyñ merjeni hökmünde görkezýärler» – diýip, MICHELIN gollanmasynyň halkara müdiri Gwendal Poullennec öz çykyşynda belledi.
Şu ýyl MICHELIN ýyldyzyna mynasyp bolan restoranlar:
- «Casa Lavanda» we «Narımor» restoranlary - «1 MICHELIN» ýyldyzyna,
- Stambuldaky «Casa Lavanda», şeýle hem «The BARN» we «Telezzüz» restoranlary, Mugla welaýatynyñ Bodrum şäherinde hereket edýän «Mezra Ýalykawak», Milas şäherindäki «Agora Pansiýon» we İzmir welaýatyndaky «Asma Ýapragy» restoranlary - «MICHELIN Green» ýyldyzyna,
- Stambuldaky «Ali Ojakbaşy» restorany, «Araf İstanbul» restorany, «Nazende Jadde» restorany, Izmiriñ Urla şäherindäki «Aslynda Meýhane» restorany, Mugla welaýatynyñ Bodrum şäherindäki «Beýnel» restorany, şeýle hem «MICHELIN Green» ýyldyzynyñ eýeleri bolan İzmiriñ Alaçaty şäherinde ýerleşýän «Asma Ýapragy» restorany bilen Bodrumdaky «Agora Pansiýon» restorany we geçen ýyl MICHELIN tarapyndan maslahat berilen restoranlaryñ biri bolan Stambulyñ «Tatbak» restorany şu ýyl «Bib Gourmand» ýyldyzyna,
- Ussat-ukyply hünärmenlere berilýän MICHELIN-iñ aýratyna baýragyna bolsa:
- «OD Urla» atly MICHELIN ýyldyzly restoranyñ eýesi Ýunus Özturk- 2025 MICHELIN Sommelier baýragyna,
- MICHELIN ýyldyzly Nicole restoranynyñ hyzmat ediş topary - 2025 MICHELIN Service baýragyna
- Bodrumdaky «MICHELIN Green» ýyldyzly «Mezra Ýalykawak» restoranda zähmet çekýän ýaş şef aşpez Serhat Dogramajy bolsa - 2025 MICHELIN Young Chef baýragyna mynasyp boldy.
- Şeýle hem 22 sany ýokary hilli restoranlar MICHELIN-iñ aşpezlik gollanmasyna goşuldy.
MICHELIN Guide web sahypasy we ykjam programmalar arkaly MICHELIN-iñ aşpezlik gollanmasyna girizilen Stambulyñ, Izmiriñ we Muglanyñ restoranlary barada giñişleýin maglumat alyp bilersiñiz.
MICHELIN -iñ 2025-nji ýyl üçin aşpezlik gollanmasyndaky Türkiýäniñ restoranlary:
- 1 sany restoran iki MICHELIN ýyldyzly
- 13 sany restoran bir MICHELIN ýyldyzly (iki sanysy sanawa täze goşuldy)
- 27 sany restoran Bib Gourmand ýyldyzly (8 sanysy sanawa täze goşuldy we 1 sanysynyñ derejesi üýtgedi)
- 91 sany maslahat berilýän restoranlar (22 sanysy sanawa täze goşuldy)
- 10 sany restoran bolsa MICHELIN Green Star – ýaşyl ýyldyzly (6 sanysy sanawa täze goşuldy)