MEŞHUR AÝA-SOFİÝA GÜMMEZİNİ ASYRLAR BOÝY GORAP SAKLAMAK ÜÇİN BERKİDİLÝÄR WE DİKELDİLÝÄR
Aýa-Sofiýa metjidiniñ 1486 ýyllyk taryhy bolup, ol soňky ýyllarda giň gerimli dikeldiş taslamasynyň merkezine öwrüldi. Häzirki wagtda bu işiň çäklerinde iň toplumlaýyn tapgyry geçirilýär, ýagny gümmeziň wagta we tebigy faktorlara durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin onuň berkidilmegi we dikeldilemgi amala aşyrylýar.
Aýa-Sofiýanyň täjiniň gorap saklanylmagy
Aýa- Sofiýa Stambulyň taryhy mirasynyň nyşany bolup, ol özüniň medeni mirasyny gorap saklamak üçin arheologik gazuw-agtaryşlaryny we dikeldiş taslamalaryny işjeň durmuşa geçirýän Türkiýäniň üns berilýän desgalarynyň biridir. Eýýäm, takmynan, üç ýylyň dowamynda bu uly binagärlik ýadygärligini berkitmek we dikeltmek boýunça işler alnyp barylýar. Käbir tapgyrlar tamamlandy, galanlar uly dykgat bilen dowam etdirilýär. Indi üns esasy gümmeze jemlendi. Ähli işler mozaika bilen bezelen gümmeziň içerki örtügine zyýan ýetirmez ýaly, diňe daşky tarapyndan geçiriler. Daşyndan gurşun örtükler sökülip aýrylar. Olar ýa dikeldiler, ýa-da täzesi bilen çalyşylar. Bu işleriň geçirilýän döwründe gümmezi goramak üçin ýörite polatdan ýasalan konstruksiýa we ýokary hilli tent bilen örterler. Ol bolsa gümmezi tebigy şertlerden we mümkin bolan mozaikanyň zaýalanmagyndan gorar. Binanyň içinde gümmeziň mozaikasyna barmak mümkinçiligini üpjün etmek üçin dört sütüne daýanýan 43,5 m beýiklikdäki metal platformasy ýerleşdiriler. Bu çözgüt ybadatyň arasyny üzmän, dikeldiş işlerini howpsuz we netijeli ýagdaýda geçirmäge mümkinçilik berer. Mundan başga-da, gündogar tarapyndan okunyň 60 m çykmagynda 41 metrlik diň kranyny ýerleşdirmek meýilleşdirilýär. Ol ýörite bu desgada iş alyp barmak üçin taslamalaşdyryldy we binadan howpsuz araçäkde işläp bilýär. Gümmezdäki, mozaikadaky we minaralardaky işleriň tamamlanmagyndan soňra, wagtlaýyn polat konstruksiýalar we kran sökülip aýrylar.
Taslamanyň ozalky tapgyrlarynda III-nji Mehmet, II-nji Selim we III-nji Myrat ýaly soltanlaryň aramgähleri, başlangyç mekdebiň binasy (Sybýan mekdebi) we namaz okamak wagtyny hasaplamak üçin jaýy (Muwakkithane) üstünlikli dikeldildi. Şeýle hem, myhmanlar üçin täzeden açylan galereýany arassalap dikeltdiler. Toplumyň ähli gurluşlaryny sanlylaşdyryp hem-de 3D-formatyna geçirip, şeýlelikde Aýa-Sofiýanyň sanly taýy döredildi. Şeýle giň gerimli taslamanyň netijesinde Aýa-Sofiýa metjidi özüniň taryhy beýikliligini saklap galyp, geljekki nesillere geçiriler.
Aýa-Sofiýa – Stambulyň gadymy imperiýalarynyň gimni
1985-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Mirasynyň sanawyna girizilen Aýa-Sofiýa, takmynan, 1500 ýyl mundan ozal hristian ybadathanasy hökmünde guruldy. Şol döwürde onuň ady “Mukaddes paýhaslylyk kilisesi” adyny göterýärdi hem-de hristian dünýäsiniň esasy ybadathanasy hasaplanylýardy.
Konstantinopoly eýeländen soňra, II-nji Mehmet ony metjide öwürip, altyn mozaikalary we diwar nagyşlaryny ajaýyp yslam nagyşlary bilen örtdi. Soňra bina dört sany minara hem gurlup goşuldy. II-nji Soltan Selim iki günbatar minaralaryň gurluşygyny binagär Mimar Sinana tabşyrdy. Şeýle hem, onuň tabşyrygy boýunça Sinan gurluşyk ýetmezçilikleri aradan aýyryp, Aýa-Sofiýanyň özüni hem berkitdi. Onuň inžener çözgütleriniň netijesinde, şol sanda goşulan kontrforslar arkaly, bina köpsanly dargadyjy ýer titremeleri başdan geçirip bildi. Sinanyň goşan goşandy bu ajaýyp binagärlik ýadygärliginiň uzak ömürliliginde esasy faktor boldy.