GÜNDOGAR EKSPRESS: ANADOLYNYŇ GYŞKY GÖZEL DÜNÝÄSINE OTLY BILEN SYÝAHAT

Relsleriñ sesi, wagonlaryñ rahatlygy, ak dona bürenen tebigaty we jadylaýjy duralgalary bilen tanalýan «Gündogar Ekspres» atly otly syýahaty, Anadolydaky bir ertekini yada salýar. Paýtagt Ankara bilen ýurduñ Kars şäheri aralygyndaky bu gatnaw soňky ýyllarda uly meşhurlyk gazanýar.

Paýtagt Ankaradan Karsa tarap uzaýan iň meşhur «Gündogar Ekspres» diýlip atlandyrylýan bu gatnaw hepdede üç gezek amala aşyrylýar. Peteklerini onlaýn satyn almak mümkin. Ýurduñ ıñ meşhur otly gatnawlarynyñ biri bolandygy sebäpli petekler çalt satylyp gutarýar, şonuň üçin öňünden bellemek (bron etmek) örän wajypdyr. Takmynan 24 sagatlyk bu syýahat ýatylýan ýerleri bolan oňaýly kupeleri, haýran galdyryjy peýzažlary we gezelençler üçin meýilleşdirilen duralgalary hödürleýär. Käbir ýolagçylar öz kupelerini çyralar we dürli bezegler bilen bezäp, özboluşly ýylylyk döredýärler. Garbanmak üçin ýany bilen iýmit getiren syýahatçylar üçin kupelerde ýörüte sowadyjy we elleriňi ýuwmak üçin niýetlenen enjamlar ýerleşdirilen. Mundan başga-da, ýolagçylar otlynyň restoran wagonynda agşam naharyny edinip bilerler.

Ankaradan ugraýan otly Kyrykkale, Kaýseri, Siwas, Erzinjan we Erzurum şäherlerinden geçip, Karsa barýar. Bu gatnawyñ dowamynda otly gidişin Erzinjan we Erzurumda, yzyna gaýdyşyn bolsa Iliç, Diwrigi we Siwas şäherlerindäki duralgalarda durup geçýär. Bu bolsa ýolagçylara ÝUNESKO-nyň sanawyna girizilen ýadygärlikleri we tebigy gözellikleri synlamaga mümkinçilik berýär.

Ankarada başlanýan bu täsin syýahat Karsda — özüniň baý taryhy, gyşky gözelligi, şeýle hem ýerli aşhanasy bilen tanalýan şäherde tamamlanýar. Anadolynyň iň gadymy obalarynyň biri bolan Kars welaýaty, şäheriñ merkezinde ýerleşýän özboluşly arhitekturasy bilen tapawutlanýan ýadygärlikleri arkaly baý taryhy tejribäni hödürleýär. Şäherden biraz uzakrakda bolsa ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasy sanawynda mynasyp orna eýe bolan Ani şäher harabalary ýerleşýär. Bir wagtlar orta asyrlaryň ägirt uly megapolisi bolan we «1001 ybadathana şäheri» hökmünde tanalýan Ani, dürli hristian hem musulman şalyk nebereleriniň mirasyny saklap galan buthanalary, hammamlary we gala diwarlary bilen haýran galdyrýar.

Karsyň tebigy gözelligi hem unudylmajak pursatlary bagyşlaýar. Sarykamyş etrabynda syýahatçylar ak garyň üstünde lyžada typyp, hem-de sankida gezelenç edip bilerler. Kars we Ardahan serhedinde ýerleşýän Çyldyr kölüniñ gyşyna doňup buz tutmagy hem örän täsindir. Atly sankalaryň üstünde typyp ýören syýahatçylar bilen bir hatarda, bu ýerde doňan buzy oýup balyk tutýan balykçylary hem görmek bolýar.

Karsdaky iň täsirli pursatlaryň biri hem agşam naharlarydyr. Myhmanlar bu ýerde «aşyk atyşmasy» (dilden aýdylýan halk döredijilik bäsleşigi), kawkaz halk tanslary we ýerli tagamlar bilen tanyşýarlar. Gazyñ eti, kars peýniri, bal we manty ýaly tagamlary özünde jemleýän baý aşhanasy bolan Karsyň lezzetli tagamlarynyñ üstüni Bogatepe obasyndaky Peýnir muzeýi ýetirýär. Bu ýerde sebitiň peýnir öndürmek däpleri barada öwrenip we ýerli önümleri dadyp görmek mümkindir.