GÜN, ÇÄGE WE 2000 ÝYLLYK TARYH: ANTALÝANYŇ GADYMY RIWÝERASYNA SYÝAHAT

Medeni-taryhy syýahatçylyk - syýahatçylara belli bir sebitiň medeni özboluşlylygyny, ýagny gadymy harabaçylyklary we ýadygärlikleri ýaly taryhy desgalaryny ýerinde görmegi, şeýle hem milli däp-dessurlaryny duýmaga mümkinçilik berýär. Şeýle bilesigelijilik syýahatçylygyna bolan islegiň artmagy we dünýäde medeni mirasy gorap saklamak üçin edilýän tagallalar bilen baglylykda, bu pudak häzirki wagtda dünýä ykdysadyýetiniň iň çalt ösýän ugurlarynyň biri bolup durýar.

Hünärmenleriñ geçiren barlaglaryna görä, global medeni-taryhy syýahatçylyk bazary 2025-nji ýylda 624,55 milliard dollara barabar boldy we 2033-nji ýyla çenli bu görkezijiniñ 936,97 milliard dollara ýetjekdigi çaklanylýar. Türkiýe bu depginli ösýän pudakda öňdebaryjy orny eýeleýär: köp sanly siwilizasiýalaryň mekany bolan Anadolynyň ägirt uly topraklary ýurduň ähli sebitlerinde örän baý taryhy mirasy gorap saklaýar. Şeýle ýerleriñ biri hem Türk riwýerasyndaky «Türkiýäniň syýahatçylyk paýtagty» hökmünde tanalýan Antalýadyr.

Likiýa, Pamfiliýa we Pisidiýanyň gadymy sebitleriniň çatrygynda ýerleşýän Antalýa - geçmişe açylýan gyzykly derwezedir. Gün şöhlesine şugla saçýan we ajaýyp binagärligi bilen tanalýan meşhur gadymy teatrlary, şeýle hem ÝUNESKO-nyň sanawyna girizilen mermer harabalyklary we ýadygärlikleri ony gadymy siwilizasiýalaryň açyk howa muzeýi hökmünde görkezýär.

Günbatar rowaýatlary bilen Likiýanyň merkezinde

Antalýanyň taryhyny öwrenmäge ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Likiýanyň paýtagty Ksantosdan we mukaddes Letoon medeni merkezinden başlamak maslahat berilýär. Bu ýerde tapylan ýazgylar alymlara syrly likiýa dilini çözmäge mümkinçilik berdi.

Bary-ýogy 15 km uzaklykda Likiýa Bileleşiginiň paýtagty we Aýaz babanyň ylham çeşmesi hökmünde Sankt Nikolasyň doglan ýeri bolan Patara ýerleşýär. Patara - taryh bilen tebigaty birleşdirýän özboluşly ýer. Bu ýerde Likiýa birleşiginiň mejlisleri geçirilen Bulewterion desgasy ýerleşýär. Ol adamzat taryhynda wekilçilikli demokratiýanyň ilkinji nusgalarynyň biridir. Gadymy ýadygärliklerinden başga-da, Patara 18 km uzynlygyndaky kenary bilen meşhurdyr. Bu kenar seýrek duş gelýän Karetta deňiz pyşbagalarynyň höwürtgeleýän goraghanasydyr. Şäheriň taryhy ähmiýeti ýakynda dikeldilen ägirt uly maýagy bilen has-da beýgelýär.

Indiki duralga Likiýa şäheriniň gaýadan oýulan guburlary bilen tanalýan Mira sebiti bolup, ol ajaýyp bezelen relýefleri bilen haýran galdyrýar. Bu ýerde Mukaddes Nikolaýyň ybadathanasy hem ýerleşýär.

Pamfiliýanyň hazynalary: binagärligiň ýeňşi

Gündogara tarap hereket edeniňizde, özüňizi Ortaýer deňziniň iň gowy saklanyp galan gadymy şäherleriniň birinde — Pergede taparsyňyz. Bu ýerde uly sütünli köçeleri, gözegçilik diňini, Rim hammamlaryny hem-de bir wagtlar 12 000 tomaşaça niýetlenen ägirt uly stadiony görmek mümkin. Taryha ser salanymyzda şäheri görnükli zenanlaryñ dolandyrandygyny görýäris. Häzirki wagtda bolsa ol «Mukaddes Pawlyň ýoly» boýunça möhüm nokat bolup galýar.

Side - Pamfiliýanyň iň möhüm portlarynyň biri. Bu ýerde taryhy ýadygärliklere gezelenç edip, günüň ýaşýan pursatlarynda Antalýanyň görküne görk goşýan Apollon ybadathanasynyñ sütünleriniñ öwüşginini synlap bilersiniz.

Günüň batmagyndan soňky jadygöýlik

Tomusda Antalýanyň gadymy şäherlerine baryp görmegiň iň gowy tarapy howlukmagyň zerurlygy ýok. Şunlukda Aspendos, Patara we Side «Gijeki muzeýler» taslamasyna goşuldylar we tomus paslynda olar agşam sagat 22:00-a çenli açyk bolar. Mundan başga-da, Perge, Mira we Side arheologiýa muzeýi ýaly gözel ýerler agşam sagat 21:00-a çenli myhmanlary kabul eder.

Yşyklaryň astynda öwşün atýan bu gadymy teatrlary we ybadathanalary synlamak kalbyñda ýakymly duýgulary oýarýar.