BOZJAADANYÑ ÜZÜM ORAGYNA GIRIŞELIÑ

Egeýiň iň halanýan adalarynyñ biri hasaplanýan, altyn öwüşginli arassa plažlaryñ, özboluşly durmuş ýörelgeleriñ, lezzetli tagamlaryñ mekany bolan – Bozjaada, Türkiýäniň ajaýyp üzümçilik marşrutlary arasynda ýer alýar. Salkyn suwy, darajyk köçeleri we hoştap howasy bilen meşhur bolan adada her ýylyñ sentýabr aýynda üzüm hasyly festiwaly geçirilýär. Festiwalyñ çäklerinde üzümçiliklere gezelençler, dürli aýdym-saz konsertleri, sergiler ýaly çäreler guralýar. Bu bolsa adada üzümçilik däbiniñ asyrlarboýy mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Däbe öwrülen üzümçilik

Bozjaadanyñ tebigy toprak-howa şertleri, ýagny demirgazykdan öwüsýän mylaýym şemaly üzüm ösdürip yetişdirmek üçin örän amatlydyr. Onuñ taryhy üç müň ýyllyk döwri öz içine alýar. Bu kiçijek adada üzümi ösdürip ýetişdirmek kesbi-käriniñ örän gadymdan gaýdýandygynyñ janly şaýatlarynyñ biri hökmünde ýerli üzümleriñ Papazgarasy, Garasakyz we Sowinýon Blan ýaly sortlaryny görkezmek bolar. Munuň şeýledigine Tenedos teňňelerinde üzümiñ şekillendirilmegi, Gomeriň «Iliada» eserindäki ýaly edebi çeşmelerdäki salgylanmalar hem şaýatlyk edýär. Häzirki wagtda bu ýerde ýerli çakyrlara özboluşly tagam berýän üzümiñ esasy 4 sany endemiki sorty - Kuntra we Karalahna gyrmyzy üzümi, şeyle hem Çawuş we Wasilaki ak sorty giñden ösdürilip ýetişdirilýär.

Hasyl baýramçylygy

Her ýylyñ sentýabr aýynda ýerli ılatyñ, şeýle hem çakyr halaýanlaryñ gatnaşmagynda Bozjaadada uly şatlyk-şowhun bilen üzüm hasylyna bagyşlanyp festiwal geçirilýär. Festiwal adadaky daýhanlaryñ üzümçilik meýdanlarynda hasyl ýygnamaga girişmek dabarasyndan başlanýar. Bu ýere gelýänler traktorlarda üzümçiliklere gidýärler we gadymy däbe görä ýygnalan hasyl atlarda, eşeklerde ýa-da “pyr pyr” diýlip atlandyrylýan kiçijik traktorlarda adanyň merkezine eltilýär. Festiwalyň çäklerinde Bozjaada Üzüm öndürijiler birleşigi, üzüm hasylyny synlamak isleýänler üçin her gün sagat 10:00-dan - 18:00-a çenli iki sagatlyk gezelençler guraýarlar. Gezelenjiñ dowamynda gatnaşyjylara asyrlardan-asyrlara geçip gelen üzümi ösdürip ýetiştirmegiñ tärleri, adanyñ daýhanlarynyñ tejribeleri we zehinleri tarapyndan kämilleşdirilişi barada maglumatlar berilýär. Ýokary ruhubelentlik bilen garşylanýan hasyl baýramynda, klarnet we darbuka ýaly saz gurallarynda joşgunly aýdym-sazlar ýerine ýetirilýär.

Adanyň täsinliklerine göz aýlalyñ

Bozjaada diñe bir üzümçiligiñ mekany bolman, eýsem, dynç alyş üçin hem ajaýyp ýerleriñ biri bolup durýar. Ada sizi porta garşy seredip duran owadan Bozjaada galasy bilen garşy alýar. Galadan adanyň we onuň töweregindäki deňiziň gözelligine tomaşa edeniňizden soň, özboluşly restoranlary we kafelary bolan porta gezelenç edip bilersiñiz. Onuň yzysüre bolsa Bozjaada muzeýine, Aýazma monastyryna we Merýem Ene ybadathanasyna baryp bilersiňiz. Şeýle hem günüň ýaşyşyny synlamak üçin adanyň günbatar ujundaky Polente maýaklaryna aýlanyp bilersiňiz.

Bozjaada özüniñ lezzetli aşhanasy bilen hem giňden meşhur. Bu ýerde ýerli ösümlik otlary we mürepbeleri satyn almagy, badamly kökelerini we lawanda tagamly doňdurmany dadyp görmegi ýatdan çykarmaň. Mundan başga-da, sebitiñ gök önümlerinden, zeýtun ýaglaryndan we täze deňiz önümlerinden taýýarlanýan tagamlardan lezzet alyp bilersiňiz.