2026-NJY ÝYLYNYŇ SNOUBORD DÜNÝÄ KUBOGY - ERZURUM SYÝAHATÇYLAR WE TÜRGENLER ÜÇIN GYŞ PAÝTAGTYNA ÖWRÜLER

Türkiýe özüniň dag-lyža kurortlary arkaly sport syýahatçylygyny işjeň ösdürýär we dünýä derejesindäki ornuny barha pugtalandyryar. 2026-njy ýylyň gyş paslynda esasy özüne çekjek merkezleriñ biri hem ýurduñ gündogarynda ýerleşýän Erzurum şäheriniñ meşhur Palandöken gyş sport oýunlary merkezi bolar. Şunlukda, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy (ECO) tarapyndan Erzurum şäheriniñ 2025-nji ýylyň «Bütindünýä syýahatçylyk paýtagty» we ACES (Ýewropanyň Sport Paýtagtlary we Şäherleri Federasiýasy) tarapyndan bolsa Ýewropanyň ilkinji «Gyşky sport paýtagty» diýlip yglan edilendigini ýatlamak ýerlikli bolar.

Esasy çäre: «FIS Snoubord Kross Dünýä kubogy»

Ýylyň esasy çäresi 2026-njy ýylyň 6-8-nji martynda geçiriljek FIS Snoubord-kross boýunça Dünýä kubogynyň tapgyry bolar. Palandökende eýýäm ikinji gezek guralýan bu abraýly ýaryşa 20 ýurtdan 300-e golaý türgeniň gatnaşmagyna garaşylýar. Dik ýapgytlary, uzyn lyža ylgaw ýollary şeýle hem ýokary hilli gar örtügi bilen tanalýan bu dynç alyş merkezi tejribeli lyžaçylar we snoubordçylar üçin Türkiýäniň iň gowy ýerleriniň biri hasaplanýar.

Frozen festiwaly: Sportuň şatlyk bilen sazlaşýan ýeri

2026-njy ýylyň 12-15-nji fewraly aralygynda bu ýerde ýedinji gezek «Frozen Festival» geçirildi. Festiwalyň çäklerinde dünýä belli di-jeýleriň gatnaşmagynda dürli aýdym-saz dabaralar, gijeki güýmenje şowhunlary, baýrakly höwesjeň lyža we snoubord ýaryşlary, garda ýoga sapaklary, buzdan heýkel ýasamak boýunça ussatlyk sapaklary hem-de dürli döredijilik okuw maslahatlary guraldy.

Erzurumda ýene nämeleri görmeli?

Erzurum diňe gyşky sport oýunlary halaýanlar üçin gyzykly bolman, eýsem, ähli ýaşdaky myhmanlary ýylyň hemme paslynda hem haýran galdyrmagy başarýar. Türkiýäniň iň uly we haýbatly şarlawuklarynyň biri hasaplanýan Tortum şarlawugy, täsin Narman gaýalary, Ulu Cami (uly metjit), Çifte Minareli (goşa minaraly) medrese, «Üç Kümbetler» arhitektura toplumy we Ýakutiýe medresesi sebitiñ meşhur syýahatçylyk merkezleridir.

Odunda bişirilýän meşhur «Jag-kebaby» (Cağ Kebabı) we süýji şireli «Kadaýyf dolmasy» hökman dadyp görülmeli ýerli tagamlaryñ hataryna girýär.

Professional sportyň, ýokary hilli hyzmatyň we baý taryhyň sazlaşygy Erzurumy 2026-njy ýylda hökmany baryp görmeli ýerleriñ birine öwürýär.