«TEKNOFEST-2025» ATLY HALKARA FESTIWAL ŞU ÝYLYŇ 17–21-NJI SENTÝABRYNDA STAMBULYŇ ATATÜRK ADYNDAKY HOWA MENZILINDE GEÇER

Dünýäniň iň giň möçberli tehnologiki festiwaly bu gezek Türkiýäniň Stambul şäherinde guralar. Her ýyl gatnaşyjylaryň sany we gerimi boýunça täze görkezijilere ýetýän festiwal Stambulyň Atatürk adyndaky howa menzilinde guralar. Onda, esasan, awiýasiýada, zemin giňişligine degişli tehnologiýalary we tehnikany düzmekde, ugurgaş ulgamlarda ýetilen sepgitler hem-de täze oýlap tapmalar görkeziler.

Türkiŷäniň Tehnologiŷa toparynyň gaznasy we Türkiŷe Respublikasynyň Senagat we tehnologiýa ministrliginiň goldaw bermeginde 17-21-nji sentýabr aralygynda geçirilýän «Teknofest-2025» millionlarça ýaş zehinleri bir ýere ýygnar. Festiwalyň dowamynda birnäçe geljekki ugurlar boýunça tehnologiki bäsleşikler, howada uçuş enjamlarynda ýerine ýetirilýän şowhunlar, howa we ýerüsti tehnikanyň sergisi, öwrediji we bilim beriji sapaklar, sahna oýunlar geçiriler. Olardan başga-da asman giňişligindäki jisimler bilen tanyşdyrjak desga, dürli ýagdaýlary islendik ýerde we şertlerde özüňde duýmaga (simulýasiýa) mümkinçilik berjek aýratyn zolaklara aýlanyp bolar. Bularyň ählisi festiwalyň gatnaşyjylarynda we onuň myhmanlarynda ýatdan çykmajak täsir goýar.

Festiwalyň dowamynda dünýäniň dürli künjeklerinden gelýän toparlar 57 sany esasy ugurlar we 136 sany goşmaça ugurlar boýunça tehnologiki bäsleşliklerine gatnaşarlar. Olara 85 million liradan köp bolan maddy goldaw berler, ýeňijilere bolsa 65 million liradan gowrak bolan baýrak garaşýar.

Sizi uly waka – «Teknofest-2025» festiwalyna – gatnaşmaga çagyrýarys!

Goşmaça maglumatlar we ýaryşlara gatnaşmagyň şertleri bilen tanyşmak üçin: https://www.teknofest.org/tr/

TEKNOFEST “Mawy Watan” bilen bilelikde çalt depginlerde ösýär!

Deňiz we suwasty tehnologiýalaryna bagyşlanan TEKNOFEST «Mawy Watan» festiwaly 2025-nji ýylyň 30-31-nji awgustynda Stambulyň Deňiz gämi abatlaýyş zawodynyň serkerdeliginde size garaşýar! Ilkinji gezek geçiriljek bu täsin çäre Türkiýäniň deňiz babatda tehnologik we inženerçilik taýdan ýeten üstünliklerini ählitaraplaýyn açyp görkezer.

Festiwalyň dowamynda myhmanlara bir giden gyzykly wakalar we ýerler: harby-deňiz sergisi, şol sanda Türkiýäniň Harby-deňiz güýçleriniň iň meşhur gämileriniň görkezilişi, suwasty hüjümleriniň we goranyşynyň ýerine ýetirilişi, deňiz medeniýetine bagyşlanan çäreler, wirtual hakykat zolaklary, maslahatlar we «Mawy Watan» atly dürli wagtlara aýlanyp görmek üçin niýetlenen geçelge garaşýar. Geljekde harby-deňiz tehnologiýalaryny ösdürjek ýaş zehinler uçarmansyz suwasty ulgamlary, suwasty raketalar we uçarmansyz deňiz enjamlary boýunça ýaryşlarda öz başarnyklaryny görkezerler!

TEKNOFEST «Mawy Watan» fesiwalyna gatnaşyň we deňiz tehnologiýalary bilen tanyşyň!

Jikme-jik maglumatlar bilen tanyşmak üçin: https://www.teknofest.org/tr/